MENU

16:05
Aýdylmadyk söz

AÝDYLMADYK SÖZ

Ýa sen kejir bolduň,
Ýa men kineçil.
“Bagyşla” sözüni
Aýtmadyň neçün?
Ak gar tozgasyny
Sepelän güni,
Sözleň buýsanjymy
Depelän güni,
Men uçut gaýadan
Ýykylan ýaly,
Gözde bar gözýaşym
Dökülen ýaly,
Bigadyr täleýme
Ökünen ýaly,
Senli geçen ömre
Armanly bakdym.
Daşymy gam-gussa
Dumany örtüp,
Başyma şar-gara
Bulutlar çökdi....
Şonda-da sen,eger
“Bagyşla” diýip,
Alsadyň göwnümi
Ünjimi duýup,
Ömre bir ýyl ömri
Goşup bilerdiň.
Ýa birinji özüm
Saňa ýüz berip,
Seň ömrüňe ömri
goşup bilerdim.
Ýöne näme üçin
Dymdyk biz eziz?
Ýa-da duýgularmyz
Boldumy ejiz?
Ýa sen gorkduň
Günäň geçilmez öýdüp.
Menem başarmadym
Bir zatlar aýdyp.
Ýaşaberdik nola
Ýene nol goşup.
Uzaklaşyberdik
Ýola ýol goşup.
Başarardyk belki,
Emma bilmedik
Söýgi bilen ömrimize
Ýyl goşup.

© Meñli Aşyrowa
2014ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 120 | Добавил: Pero | Теги: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 6
avatar
0
1 Мango • 17:07, 25.12.2023
ýekeje diýilmedik söz köp zada zyýanyny ýetirýär...

goşguda diňe garşy tarapy däl-de özünem günäkärleýär.
bu gowy.

Şonda-da sen,eger
“Bagyşla” diýip,
Alsadyň göwnümi

Ünjimi duýup,
Ömre bir ýyl ömri
Goşup bilerdiň.
Ýa birinji özüm
Saňa ýüz berip,

Seň ömrüňe ömri
goşup bilerdim.

5 ýyzzyl.
avatar
0
2 garagar • 17:40, 25.12.2023
Formasyny hasam gowy gördüm.
Şeýle jübütler bir merkeze gelip bilmän gaty kösenýäler.Geläýse-de, az wagtlyk duşuşyp ýene daşlaşýalar.

5 ýyldyz onda!
avatar
0
3 Мango • 17:48, 25.12.2023
öňem bir ýerde ýa birilerine aýdandyryn, gürrüň berendirin, bilemok. ýöne gaýtaladygym bolarda.
"bagyşla" diýilse şo wakajyk ýada düşýär.
ejesi 5-6 ýaşly gyzjagaza "bagyşla" diýmäni öwredýär.
gyzjagaz jigisini agladypdyr.
indem ejesi olary ýaraşdyryp, günäkär gyzjagaza "bagyşla" diýmelidigini öwredýär.
ejesiniň zoruna çydaman ahyry gyzjagaz o jadyly sözi diýdi. jigisine bakyp:
– bagyşla, NEJIS!
(nejisem şeýle bir basyp diýdi welin.... :-) )

umuman, nähilem bolsa "bagyşla" diýegenlerden boluň.
erbet söz däl şol.
avatar
0
4 garagar • 17:53, 25.12.2023
Ýürekden bolmasa diýmäniň gowy eken.
avatar
0
5 Мango • 17:58, 25.12.2023
ilkinji gezekler kyn bolan bolmaly "bagyşla" diýmek.
soň ahyrynda öwrendi.
ýürekden diýmegi. :-)
avatar
1
6 garagar • 18:10, 25.12.2023
Goý, çagalar aýdym aýtsyn- diýen sözem barmy?!
Bagyşla sözi üçin aýratyn tema açybermeli. Tanşymyň tanşy bar. Şol sözi gaty köp ulanýar. Tanaýanlar öwrenişdi, tanamaýanlar agzy bişip tanady.
avatar

uCoz