MENU

01:47
Aýdym

Saçyň gijeligne säher siňende,
Gün ýaşar-ýaşara gelen mahaly,
Aýlar ýüwürmäni öwrense hem-de
Pasyllar dilleşip kowsa bahary,
Sagadyň ýüregi uranda gaty,
Çaşaranda ýolyşygyň gözleri,
Ähli reňkler terk edende suraty,
Ähli harplar terk edende sözleri,
Günorta şaýlanan şilliň durnalar
Doňup galsa bulutlaryň deňinde,
Gyjak aglanynda bagryn dyrmalap
Awara şemalyň zaryn heňinde,
Bulutlaryň dabaraly ýörişi
Bassa ulaglaryň düýtde-düýdüni,
Ak maýa seçeläp gitse sährada
Siňe bakyp gan görülen süýdüni,
Al-howada uçup barýan arzuwlar
Hakykatyň şahasyndan ilende,
Hemme etsem-petsemlere gar ýagyp,
Hemme boljak işler boldy diýlende,
Perwana paltaly gitse oduna,
Ähli zatlaň giçdigini aňlarsyň.

Aýdym bolup düşerin men ýadyňa,
Şonda meni aýdyp bilmän aglarsyň.

© Mukam MUHAMOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 151 | Добавил: Awtor | Теги: Mukam Muhamow | Рейтинг: 5.0/5
Всего комментариев: 8
avatar
0
1 Medicall • 02:02, 04.12.2023
Ähli harplar terk edende sözleri,
Aýdym bolup düşerin men ýadyňa,

Şonda meni aýdyp bilmän aglarsyň.


Mukam Muhamow agza bolaly bäri bir gowy goşga garaşyp otyrdym: "haçan goýarka, birinji hekaýadan däl owadan poeziýasyndan başlasyn" diýip. Hekaýalaryňyzam gowy, ýöne Mukam diýilse birinji saz ýaly ýakymly goşgy, şygyr ýadyňa düşýär-da...

Hoş gelipsiňiz, üstünlikler hemraňyz bolsun!
avatar
0
2 sussupessimist • 07:29, 04.12.2023
"Ak maýa seçeläp gitse sährada
Siňe bakyp gan görülen süýdüni..."

Тотальная поэзия. Her setiri obrazdan, metaforadan doygun goşgy. Günüm gowy başlandy. Yene bir yola gowy goşgy okadym.
avatar
0
3 Seýrаn • 08:39, 04.12.2023
Bir oňat goşgyny serime getirdi. Belki getiren däldirem. Gowy goşgy eken Mukam.
avatar
0
4 Mekan2 • 11:40, 04.12.2023
gowy ýazýa

başga-da birki goşgusynda frazeologizmlere "kakdyrmalaryny" gördüm öýdýän (bagtymy gözledim, ýatan ekeni ýalyrak bir sözdümikä?). oňat. söz ýok. berekella diýýän.
avatar
0
5 Мango • 15:47, 04.12.2023
gowy.
"Ak maýa seçeläp gitse sährada
Siňe bakyp gan görülen süýdüni"

Ak maýa, süýt... diýilse asmandaky Akmaýanyň ýoly ýada düşýär. bu ýerde Ak maýa ýerde hereket edýär öýdýän.
gan görülen süýdüni sähraýa seçeleýär...

ýene bir gezek - gowy goşgy.
avatar
0
6 Pero • 17:08, 04.12.2023
Kyýamatyñ gopuṣyny beýle owadan aýdybam boljak ekenow. Çyn poeziýa diýleni ṣu bolsa gerek.
avatar
0
7 tmpoet • 22:32, 04.12.2023
Gowy goşgy. Mukam gowy şahyr. Galamyň ýiiti bolsun! Gözlegleriň täze serhetleri açsyn.
avatar
0
8 Kyyas • 22:49, 04.12.2023
Owadan, Bulutlar dabaraly ýöreýşi täsin çeperçilik...
avatar

uCoz