MENU

15:28
Aýnagözel Nuryýewanyň "Gopuzçy ene" eseri

Bir mahalky köne güzeriň çola kenarynda ene gözüni ýumar-ýummaz çagalygyna dolanyp, agyr zähmeti gören agajet barmaklarynda çalasynlyk bilen gopuz çalýar. Bu türkmen enesi adaty gopuz çalmaýar, ol öz ömür ýolundaky şatlykly hem ajy hasratly, hupbatly günleriň owazyny çalýar. “Ten garrasada ýürek garramaz” diýleni, bir mahalky gulpagyny tasadyp, alaja bilen boýnundan asan gopuzyny gaýtadan garrylyk müçesinde çalýar. Gopuzyň bu owazy giň türkmen sährasyny, heňňama siňen ene-mamalarymyzyň bize aýdyp ýetişmedik öwütlerini zaryn owaz bilen aýytýan mysalynda duýulýar. Ol şu owazyň astynda öz iň mähribanlaryny ýatlaýar, çünki şu gopuzy oňa çagalykda şol ezizleri sowgat edipdi. Enäniň kebzesinde hyýaly ganatlarynyň goýulmagy bolsa perişde mysalynda onuň keramatyny aýtmak isleýär.

© Döwletmyrat DURDYÝEW
Sungaty öwreniji

Gündelik ýazgylary
11.01.2023
Категория: Sungaty öwreniş | Просмотров: 463 | Добавил: Merw | Теги: Döwletmyrat Durdyýew | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 5
avatar
1
1 Мango • 10:34, 25.07.2023
bu grafikany haladym.
özem bu naturadan çekilen bolmaly.
realistik.
garry ene we gopuz
ene we saz - eseriň köki, özeni, baly, tagamy, pikir gymmaty...
saz çalýan ene 100-de 100 ajaýyp;
süňkleşen barmaklary,
gabakman gözleri,
maňlaýynyň ýygyrdy,
ýygyrt atan ýüzi-gözi-dodagy,
selçeňlän, inçelen, agaran saçlary,
saçynyň saçbagysy, sandygynyň açary,
başynyň akja ýaglygy,
egrelen aýaklary, billeri...
garry ene, megerem melleginiň otuny süýşenekläp otap ýören bolmaly.
ýadap, ýa-da göwni isläp eline gopuzyny alan bolmaly.
arkasyndaky otlaryň oňa "ganat" boluşam - ajap bolupdyr.
gysgaça – saz çalýan melek ene bolupdyr...

tüweleme, gowja grafiklerimiz bardygyna begendim.
Aýnagözel hanymy tanadanyňa minnetdar, Döwletmyrat.
avatar
0
2 Medicall • 11:16, 28.07.2023
Nakgaş: Rahman Umarowyñ "Arzuw" eseri wideoýazgyny okan we taýýarlan: © Döwletmyrat Durdyýew sungaty öwreniji:
Görmek üçin şu salga giriñ:

https://edebiyat.clan.su/_ld/0/29_XiaoYing_Video_.mp4
avatar
0
3 Мango • 11:32, 28.07.2023
gowy zat. gowy wideo...
ýöne temasy batyl ynançlar bolany üçin, umuman öwliýälerdäki "çeper höwesjeňligi", yrymlary, daňylan matalary, üýşürlen daşlary.... halamok.
avatar
0
4 Medicall • 12:49, 28.07.2023
Nakgaş Azat Myradow "Soltan-Sanjar" eseri okan we taýýarlan © Döwletmyrat Durdyýew sungaty öwreniji
Görmek üçin gir:

https://edebiyat.clan.su/load/0-0-0-30-20
avatar
0
5 Pero • 09:25, 29.07.2023
Soltan Sanjar eseri baradakyny gördüm,zähmetine berekelle diýmeli.
Wideo yazgyñ fonunda(näme diyilýänini bilemok anyk) ýañlanýan saz Döwlediñ sesini basypdyr,bu bolsa arkaýyn diñlemäge päsgelçilik döredýär
avatar

uCoz