MENU

06:51
Äýnek

Bir bar eken, ýok eken,
Äýnek bar eken.
Körleriň gözüne,
Dakylýan eken.
Öz-ä gara reňkde,
Tagaşyksyzrak.
Çala çyrşagrak.
Ony dakynanlar
Du:rmuşyn aglap.

Bir bar eken, ýok eken
Äýnek bar eken.
Gözlüleň gözüne
Ýaraşýan eken.
Günden goraýar,
Ýelden goraýar.
Goraýar sowukdan,
Goraýar jöwzadan.
Ony dakynýanlar
Gözli bendeleň
Gözli öwlady.

Bir bar eken, ýok eken
Äýnek bar eken.
Ynsan ýüregine
Dakylýan eken.
Görkezip çyny,
Açyp ýalany.
Onuň bilen dünýä
Bakylýan eken.
Reňklerem dürlüçe
Uly hyzmaty.
Belki bu äýnek
Iň gymmady.

Bir bar eken, ýok eken
Äýnek bar eken...
Bir bar eken,
Bir ýok eken...
Категория: Goşgular | Просмотров: 122 | Добавил: Saryýew | Теги: Gurbanmyrat Saryýew | Рейтинг: 4.3/3
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Kyyas • 07:33, 25.04.2023
Jemlemäñi aýyrsañam boljak ekeni
avatar
0
2 lirika • 14:47, 25.04.2023
Birinji topbagynda:

Bir zada düsünemok. Körler gara äýnek dakynýalarmyka? Gözüñ kütelsen bolsa ulaldyjy äýnek dakylýar (olaram ak reñkde). Hiç närse görmeýänlerem äýnek dakynanokmyka diýýän. Diñe çesmi çasylar ýa gözleri ebedilik ýumulgy kisiler dakynýamyka diýip pikir edýän

Üçünji topbagyñda
Ýürege äýnek dakylmasy birhilije bolupdur. Ýürege äýnek dakmañda-da, ýüregiñ päk bolsa çoh zatlary saýgaryp bolar.
Bu meniñ öz pikirim ylalasman bilersiñiz
avatar

uCoz