MENU

22:30
Aýralyga aglamaly men dälmi?!

AÝRALYGA AGLAMALY MEN DÄLMI?!

Sen özüňden günä gözläp aglaýaň,
Aslynda-ha aglamaly men dälmi.
Şowmadyk söýginiň ýürege salan
Ýaralary, ikimize deň dälmi?!

Gussalarym gurşap aldy kalbymy,
Hatda olar damaga çen püre-pür.
Salgym deýin ýatlamalar men hakda,
Seni süýji hyýallara büresin!

Sen düşünäý…
Täleýi ters maňlaýa,
Şeýle agy ýazandyr-da Ýaradan.
Zar-zelil başyňy äm-säm ýaýkalap,
“Nämçüýn?” diýip, aglaýarsyň ýene-de.

…Gözýaşyňy syrykdyrýaň ykbala,
Ykbal näme hemmelere deň dälmi?
Sen özüňden günä gözläp aglama,
Aýralyga aglamaly men dälmi?!

© Parahat BATYROW
Категория: Goşgular | Просмотров: 146 | Добавил: Medicall | Теги: Parahat Batyrow | Рейтинг: 4.7/3
Всего комментариев: 5
avatar
1
1 Parahat6499 • 23:00, 15.05.2023
Paýlaşanyňyz üçin köp sag boluň, gelneje!
avatar
0
2 Medicall • 01:09, 16.05.2023
Gowy goşgularyň bar, jigim, sizem sagboluň, özüňizem ýetirip duruň,
avatar
1
3 Parahat6499 • 07:52, 16.05.2023
Minnetdar) Hökman.
avatar
0
4 Pero • 15:23, 07.07.2023
Ykbal hemmelere deñ DÄL. Sebäbi biziñ ýaradylyṣymyz deñ däl. Her kime öz göterip biljek ýüki - ykbaly ýüklensin,ylaýym!
avatar
0
5 Parahat6499 • 15:39, 07.07.2023
Hak söz
avatar

uCoz