MENU

11:42
Aýralyk
AÝRALYK

Geň görseň geň göräy,ya-da gaharlan,
Men-ä käte aýralyga garşy däl.
Ogurlaýan eken wagt söygini
(olam hereketde,şol bir bolşy däl).
Özüň yanymdakaň söygiň alysda,
Uzakdakaň weli göryäň has eziz.
Yetilen söýgüni süýjetmek üçin
Aýralyga yüz urmaly bolýas biz.
Adamzadyň tebigaty şeýleräk
Gazanylan zadyň gadry kemelýär.
Şeýdibem söýgüniň ganym duşmany-
Biparhlyk deňzine özüni urýar.
Şonuň üçin dogry düşün,geňleme
Ýanymdakaň sowuklygyňy duýamdan,
Daşdakaň mähriňi duýasym gelýär.
Hemem ýetilmedik arzyman ýaly
Söý meni,söý meni diýesim gelýär.

©Meñli Aşyrowa

Arhiwden
Категория: Goşgular | Просмотров: 125 | Добавил: Pero | Теги: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 6
avatar
0
1 Мango • 23:12, 02.01.2024
gowy we dogry goşgy.
kä zady has doly görmek üçin aralyk gerek (aýralygam gerek).
biraz gapdala durup synlasaň köp zat has dogry we doly görünýär.
hemem gadyrsyzlaşan zat süýjeýärem...
5 ýyzzyl.
avatar
0
2 Medicall • 09:34, 03.01.2024
Gowy ýazylan, tehnika-da gowy, ýöne goşgyñ pikiri ýüregimi gyýýar birhili, aýralyga allergiyam bar bolmaly meñ...))

Gadyryñyzy bildirmek üçin aýralyga höwes etmek dogrumyka? Az wagtlyk diyip aýralygy, uzaklaşmaklygy, aýralygy saýlamak... Ähli ynsana bir arzuwym, dilegim: bir-birini juda gowy görýanler hakyky aýralygy gerdeninde daşamaly bolmasyn. ykbal ol urgy bilen urmasyn hiç kimi ..
urşaş bolsalaram, saý sebäp bilen hersi bir ýere düşsede ýene dolansynlar bir birine...

Meñlim, meñ, saña aýtjagym: uruş, sögüş, aýralygy oýun edibem, wagtlaýynam saýlama... ! (ähli pikirde-de gulak bolýarmyş)

"Aýralygyñ nämedigini çekenden sora! "
elbetde daş-töweregiñdäkiler bilen aralygy uzaklaşdyrybermeli, ýatlaşybermeli wagtlayynam bolsa, emma goşgyñ gahrymany bilen däl!

Janyñyz sag, bagtly ýaşañ!
avatar
0
3 Mekan2 • 10:10, 03.01.2024
gowy
avatar
0
4 Pero • 10:31, 03.01.2024
O synaglar geçdi gitdi,köp şükür. Ölümden başga zadyñ çäresi bar eken. Ululy-kiçili,arzyly-arzysyz synaglaram bizi taplaýan eken. Taplaýa diýäýỳän-dä,belki bir-birege uýgunlaşylỳandyr. Garaz,wagt geçdigi saýy taýyñ A diýenden B diýjekmi,Ç diýjekmi düşünỳän ekeniñ.
avatar
0
5 Medicall • 12:27, 03.01.2024
Wo, wo, munyñ bolýa, "aýrylyşmagyñam" öz ýeri bar, birje gezek erbetje "wurşup" gowy edip "düşündirýañ" gymmatyñy bilmelidigine, soñ ýaraşmaly, we hijem "wurşmaly" däl ýöne, garşa daşlaşyp, ýakynlaşyp dursañ oñam manysy gaçar, öwrenişersiñ ol ýagdaýa-da.

ine indi oñarýan ekeniñ onda))
avatar
0
6 garagar • 01:13, 04.01.2024
Içiňden arkaýyn diýýän sözleriňi daşyňdan aýtmak, elmydama, ýeňil däl.Ýazýanlaryň beýlekilerden tapawudam şol öýdýän. Meňli Aşyrowadan şuwagta çenli okan goşgularymyň içinde iň gowusy.Aslynda, awtor üçin agyrysy ýetik goşgy, ýöne biz oňa gowy goşgy diýýäs.

Ýanymdakaň sowuklygyňy duýamdan,
Daşdakaň mähriňi duýasym gelýär.

Şu setirler üşetdi meni.
avatar

uCoz