MENU

19:58
Aýralyk barada goşgylar
AÝRALYGYŇ AÝDYMY

Paraladyň kalbymy ,
Harladyň hyýallarym.
Geçdi söýgi salgymy ,
Ýapyk saňa ýollarym.

Nüçin meni söýmediň ?
Birje hoş söz diýmediň.
Öň halymy duýmadyň,
Indi hem duýaýmagyn.

Ynsan kalbyny jeňde,
Goýup bormy eýsemde?
Indi meni söýseňde ,
Söýýärin diýäýmegin.

Bakma gözde ýaşyma ,
Gyýylma aglaýşyma ,
Besdir girme düýşime ,
Armanda goýaýmagyn.

Artyk söýseňde çyndan ,
Saňa ynanmaryn men ,
Yza dolanmaryn men ,
Öziňem geläýmegin.
Söýmegin,söýäýmegin.

© Gerçeknazar AMANNAZAROW
Категория: Goşgular | Просмотров: 96 | Добавил: Gerceknazar | Теги: Gerçeknazar Amannazarow | Рейтинг: 1.0/1
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Medicall • 03:34, 17.04.2023
Gerçeknazar, Laçynyñ edebiýat duşuşygyna barmadyñmy?!
avatar
0
2 Gerceknazar • 05:49, 17.04.2023
Ýok işden ýaňa ýetişmedim. Ýöne aşakdaky salga girseň baranlar barada azajyk maglumat bar.

https://biz.islenen.ru/23702-edebiyat-agamcylar-.html
avatar

uCoz