MENU

06:39
Aýyrýan

AÝYRÝAN

Ümsümlikde gije sojap dem alýar,
Ýüzüp ýören Aýdan gözün aýyrman.
Men bolsa, ysgynsyz ellerim bilen,
Ýürekdäki kä keşpleri aýyrýan.

Gynanamok, çytylanok gaşlarym,
Perwaýsyzlaň nä işi bar dünýamde?!
Biraz giç bolsa-da, şeýle jogaby
aldym bu gün öz dünýämi diňlämde.

Düşnükli dünýäde düşnüksiz bolup
ýaşaýanlar, goý, dünýäme ýat bolsun!
Ýaňaklamda menden beter begenip,
Entek gurap ýetişmedik ýaş bolsun!

Perişdeler omyn diýse, bu gije,
Öňki gijelere meňzemän biler.
Aşyk bolup indi asmanda Aýa,
Göwün salgymlara müňzemän biler.

...Şeýle gijelerde asmana bakyp,
Dolan Aýdan gözüňizi aýyrmaň!
Men bolsa, şeýle bir ýeňillik bilen,
Ýüregimden kä keşpleri aýyrýan.

© Ogultäç ORAZTAGANOWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 96 | Добавил: Medicall | Теги: Ogultäç Oraztaganowa | Рейтинг: 3.0/2
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Pero • 09:25, 27.08.2024
Owadan goşgy eken
avatar
0
2 Мango • 10:11, 27.08.2024
Aýa:
1)  gije aşyk;
2) gahrymanymyz aşyk;
3) bizi hem "Aýdan gözümizi aýyrmazlyga", aşyklyga çagyrýar.

Aý – gözellik. gözellige aşyk bolmak hemmämize ýeter diýoňyzmy Ogultäç genje.
emma, "ýürekden kä keşpleri aýyrmaly" bolanyňyz gynançly.

---
Aýly goşga Ýyzzyllary basalyň.

uCoz