MENU

12:31
Bagt köli...

Ýüzdüm "Bagt" atly kölde
Guwanyp gaýyk-küregime
Geçdim birazajyk menzil
Agdaryldy gaýygym ine.
Düşdüm läbik suw içine
Kömek sorap gol salgadym
Eşider diýip kimdir sesim
Töweregime ser aýladym
Emma görünmedi salgym
Gözýetimden uzakda men
Ýitirdim kürek-gaýygym
Läbik suwuñ içinde men
Birden gaçdymla ysgyndan
Goýberdim suwa özümi
Puç çykdyla meñ umydym
Ýitirdimle küregimi
Tamam uludy aslynda
Emma terk etdi ol ýolda
Garylyp suwuñ akymna
Çykdym natanyş kenara.
Ine şeýdip ýeke çykdym
Bagt atly köl içinden
Şondan bäri ýekelikde
Geçirýän her günüm, ömrüm...

© Laçyn SAPARDURDYÝEWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 94 | Добавил: Lachyn96 | Теги: Laçyn Sapardurdyýewa | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Мango • 23:50, 17.06.2023
gahryman "bagt kölüne" gaýykly çykanda-da ýekedi.
ýykylanda-da ýeke.
kenarada ýeke çykýar.
häzirem "ýekelikde günün, ömrün geçirýär..."

ýöne, näme üçin "bagt kölüne" ýeke çykýar?
ýekelikde bagtly bolunýamy?

***
Tamam uludy aslynda
Emma terk etdi ol ýolda

şu ýerine seretseň-ä Ol baram ýaly.
ýöne Ol gaýykdadymy, ýa başga ýerde, belli däl...

üstünlikler.
avatar

uCoz