MENU

02:15
Bagyşla!
BAGYŞLA!

Bagyşla!
Mendim şol -
hondan bärisi,
Mendim-ä özüni asmandan asan,
Yşkdan sermest bolan nebir günleriň
Ýiti ökje bilen bilinden basan.

Mendim -
dynnym ýaljak göwrejiginde
Asman bardyr öýdüp gomparyp ýören,
Aý ýüzünde ýiten gulakhalkasyn
Gäbi azyp, ýerden agtaryp ýören.

Bagyşla,
Mendim şol -
ak ýollar üçin
Gara günler bilen göreşmedigem,
Sabryň soňy geljegiňi bilsemem,
Sabryň ýaryna çen garaşmadygam.

... Meň bilen deň bolup durmady ýyllar,
Şoň üçinem giň bolmagy öwrendim.
Özüňi örteme, günä sende däl,
Betbagtlygyň bar sebäbi:
bir mendim.

© Suraý BABANYÝAZOWA
Просмотров: 119 | Добавил: Medicall | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 5.0/5
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Мango • 00:23, 18.06.2023
"...nebir günleriň
Ýiti ökje bilen bilinden bas"-ylyşyny haladym,
ýagny diýilişini haladym,
ýogsam gynandym nebir günleň bilinden basylmagyna.
***
"ak ýollar üçin
Gara günler bilen göreşme(k)" pikiri hem täsin.
göreşilmän getirilen günleriň gadyram ýokdur-la, ol günler agam bolsa.
***
Betbagtlygyň bar sebäbi:
bir mendim.

sebäpleri özüňden gözlemek - bu hem gowy häsiýet.
Suraý hanyma üstünlikler.
avatar
0
2 sussupessimist • 11:04, 21.02.2024
"Aý ýüzünde ýiten gulakhalkasyn
Gäbi azyp, ýerden agtaryp ýören"


Şu setirem, umuman obrazlaram gyzykly. Bir awtory yzygiderlikde birnäçe zadyny okap gitseň, özi bilen içgin gepleşen ýaly bolýaň.
Awtora üstünlik!
avatar

uCoz