MENU

00:00
Bagyşla

BAGYŞLA

Bagyşla!
Men seni söyüp bilemok,
Sebabi galdyň sen indi düýnümde.
"Saňa garaşaryn!" diýip bilemok,
Munuň uçin ýokdur meniň müynüm-de.

Bagyşla!
Bilmediň bagtyň göternip,
Ýeri, saňa ynam baglar ýalymy?
Öterin, men indi sensiz öterin,
Özüm ötlem-ötlem ömür ýolumy.

Bagyşla!
Günsayyn saýry görünýän,
Ýüregimem atygsanok "sen" diýip.
Aglamaryn gaýdyp: "Dar bu giň dünýä,
Sensiz maňa yagty jahan tün..." diyip.

Bagyşla!
Sen göýä ötegçi bulut,
Apalaplar aýlanmaryn adyňdan.
Geçeni geçdi bil, sen meni unut,
Menem seni çykararyn yadymdan.

© Solmaz AZYZOWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 105 | Добавил: Medicall | Теги: Solmaz Azyzowa | Рейтинг: 3.5/2
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Мango • 12:41, 25.07.2024
Bagyşla!
Men seni söyüp bilemok...

"söýüp bilemok" diýdigi "indi söýemok" diýdigimi-kä?

osoňam näm çün "bagyşla" diýip ötünç soraýa-ka gahrymanka?
günäkär däl-ä ol. "bagty göternip bilmedik" hemem "oňa ynam baglar ýaly däl" biri özi däl-ä. goý, erkegi oňa bagyşla diýsin.
avatar

uCoz