MENU

00:57
Bagyşla ata!
BAGYŞLA ATA!

Ençe ýyl geçipdir.
Ol günden bäri,
Dünýämiñ agdarylyp, ýykylanyna.
Ýok bolup gitmedim, öldüm men diri
Garaşypdym arzuwlap, ýok bolaryma...

Agyr ýük kebzämde, kelle bulaşyk,
Gysylyp gowrulyp, ölüp bilemok.
Ezenegim ýere berdim bulaşyp,
Her kes ýaly aýaga galyp bilemok.

Soñky suwun akdyrypdym Jesediñ,
Elimi sowuk tene uranymda-da,
Soñky pursat ýyly mähriñ küýsedim

Günäm näme?
Näme günä etdim men,
Aşyñ suwuñ sowdum, Ilden kem goýman,
Biwagt arada goýup gitdiñde...
Men durmuşda sensizlikden eýmenýän.

Ölmeýänsin öýtdim, ölmersiñ öýtdim.
Dirikäñ gaharyñ getirdim käte,
Ýañyldym aljyrap, durmuşda ýitdim,
.... Bagyşla ata!

© Remezan MÄMETGURBANOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 64 | Добавил: Kyyas | Теги: Remezan Mämetgurbanow | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 0
avatar

uCoz