MENU

08:37
Bahar!

BAHAR

Bahar-sen pasyllaryñ Soltany,
Tebigatda
Yaşayyşyñ simwoly.
Al-ýaşyla bürenipdir, gülläpdir,
Meni Poeziya äkidyän yaly.

Sonuñ üçin Bahar gelse, yüregim,
Goşgy setirlerne imrinip başlar.
Ezizowam ilkinji buslukçy bolup,
Baharda dogulypdyr yoldaşlar!

Bahar gelse!
Dogulyaryn täzeden,
Bahar gelse, guşlar bilen höwrügip,
Ganatymy ýaýyp uçasym gelyär,
Elim gerip, iki ýana ýüwürip.

Bark uryar, baglaram başlaryn yrap,
Ak bulutdan atynypdyr ýaglygyn.
Baharda guşlar saýraşyan bolsa,
Duýýaryn Ezizowyñ bardygyn.

Halyl Kuly bahary söyüpdir ahyr,
Diyipdir: "Ýazgül dakjak gyzyma"
Halypam ýazy söyen ilkinji şahyr,
Bolsa,
Menem Baharyñ śahyr gyzy-da.

© Aýgül MÄMETGURBANOWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 60 | Добавил: Kyyas | Теги: Aýgül Mämetgurbanowa | Рейтинг: 3.7/3
Всего комментариев: 3
avatar
1
1 Мango • 12:14, 22.02.2023
Ezizowam ilkinji buslukçy bolup,
Baharda dogulypdyr ýoldaslar!

"Ýoldaşlar!" meni SSSR-e kommunistik eýýama äkitdi.

Bahar gelse!
Dogulyaryn täzeden,

belki "direlerin", "janlanaryn"... (! hem artyk).

Bahar gelse, guslar bilen höwrügip,
Ganatymy ýaýyp uçasym gelyär,
Elim gerip, iki ýana ýüwürip.

"ýüwürmegiň" eýýäm uçup bilmeýänligiň alamaty...
"iki-ýana ýüwürmegiň-ä" hasam uçup bilmeýäniňe panika düşýäne-de meňzeýär.
şahyra uçmak üçin iki aýak, iki ýana ýüwürmek geregem däl ahyryn...

Baharda guşlar saýraşýan bolsa,
Duýýaryn Ezizowyñ bardygyn.

iki gezek Ezizowa ýüzlenmek gerek däl eken.
guşlar Ezizowsyzam saýrar. dünýe bizsizem dowam eder...

(Halyl Kuly)
Halypam ýazy söýen ilkinji sahyr,
Bolsa...

Halyl Kuly - bahary söýen ilkinji şahyr.
Ikinjisi kim-kä
Üçünjisi?

Aýgül hanym, üstünlikler saňa!
avatar
0
2 Мango • 12:16, 22.02.2023
kyýas han.
harp ýaňňyŞŞlarny düzedäýmeli ekeniň, kän tekst ýog-a...
avatar
0
3 Kyyas • 16:08, 22.02.2023
Şol durşuna göçürip goýdum
avatar

uCoz