MENU

21:38
Bahar

BAHAR

Beýik ýaşaýyşy buşlaýan güller,
Timarlap başlady baglaň şahasyn.
Bu günlerde yşka uçralyp bilner,
Hem eýesi borsuň bagtyň bahasyz.

Watanyň lälezar sähra-düzüne
Hyjuwly çaparsyň ylham atyňy.
Siňňin ýagýan ýagyşlarna ezile
Ýazarsyň baharyň gysga ömrüniň
Ebedi aýdyljak hekaýatyny.

⃰⃰⃰ ⃰ ⃰
Güýz ýitiren zatlaň,
Çeken gussalaň
Dolanarmyş ýazda çigildem bolup,
Ýüregiňe ýetmek üçin gyssanan
Söýgi, mähir, şatlyk, gülki, em bolup.
Bagty wada eden, senem gelersiň
Aýdaý, kim bolup?

Işçi, alym, daýhan, mugallym...
Ýa-da
Oňar-oňmaz günemaly pukara.
Parhy ýok,
Özüňi tanat sen bada.
Ýasama gylykdan azat ynsanda
Hiç bir aýyp ýokdur gizläp-bukara.
Bigörklük kemlik däl,
Gözde ýaş barka.
Ýoksullyk utanç däl,
Dürs ýaşalýarka.

Gürrüň ber kimligiň hakynda,
Entek
Öpýärkä saçlarmy güneşiň tygy.
Duýgularma ömür beren baharyň
Pikirlermi sergin saklaýan çygy.
Yşky didelerden okap bilýärkäm,
Çyndan aglaýarkam,
Çyndan gülýärkäm,
Ökünç ýylgyrýarka ýazyklarymda,
Ruh barka şygrymda,
Janykmalamda,
Bileýin, hak sözi aýdarym ýaly,
Buýsançdan parlaýyn Baýdagym ýaly.


© Gurbanjemal ANNAKOWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 77 | Добавил: Medicall | Теги: Gurbanjemal Annakowa | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 BayramberdiGeldimyradov • 22:40, 05.04.2023
Tüweleme gowy gosgy. Üstünlikler
avatar
0
2 Pero • 22:49, 05.04.2023
Birinji goşgyny has gowy gördüm. Ylhamyna bereket!
avatar

uCoz