MENU

01:41
Bahar

BAHAR

Bahar, bahar, ýüregimiň aramy,
Ýadadym men uçursyz kän garaşyp.
Sen geldiň-de, kalba kanagt berdiň,
Ýalaňaç baglaram tapdy ýaraşyk.

Ykbalymyz meňzeş ýazylan ýaly,
Meň bijäme düşüpsiň sen kartda.
Meniňem göbegim kesilen eken
Çärýek asyr ozal 10-njy martda.

Men ýagty jahanda ýolagçy kibi,
Döken külüm ýetmez munda gadaga.
Gül bolup, seň bile solmaga kaýyl,
Sallah başym bolsun saňa sadaga.

“Bahar” diýen gyza meňzeş baharym,
Bilýädim men senden göwnüm bitjegin.
Sen meniň uýammy, mähriban Bahar,
Ýa ölsem, yzymda goýup gitjegim?!

© Çary ÝEGENMYRADOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 101 | Добавил: Pegas | Теги: Çary Ýegenmyradow | Рейтинг: 4.0/1
Всего комментариев: 3
avatar
0
1 Pegas • 01:44, 10.03.2024
Şahyryň doglanyna şu gün 58 ýyl dolýar. Ruhy şat bolsun.
avatar
0
2 aygull • 09:43, 10.03.2024
Ämin!
avatar
0
3 LegLek • 11:41, 10.03.2024
Jaýy jennet bolsun enşallah!
avatar

uCoz