MENU

14:19
Bahar geldi ülkäme


Ýürekler joşanda döreýär aýdym,
Menem bu söýgini äleme ýaýdym,
Külli türkmen ilim gözüňiz aýdyň,
Çar ýanym bag-bakja hem-de erkana,
Watandaşlar, bahar geldi ülkäme!

Zemin egne geýdi ýaşyl begresin,
Gelýär ony maňlaýyma degresim,
Şükür Huda aryp gözi degmesin,
Ne beýle owadan, ajap görkana,
Watandaşlar, bahar geldi ülkäme!

Özünden öň geldi mymyk howasy,
Säherleri dertlerimiň dowasy,
Kabul bolup Babadaýhan dogasy,
Gözüň gidýär gül pürkülen mekana,
Watandaşlar, bahar geldi ülkäme!

Guşlaram baglarda jagylda-jugul,
Al eliňe piliň, eý, daýhan ogul,
Galkyn, eziz toprak, täzeden dogul,
Bagt eçilmiş Hak tagala ýalkana,
Watandaşlar, bahar geldi ülkäme!

© Süleýman TEKÄÝEW
Просмотров: 108 | Добавил: Hyýalbent | Теги: Süleýman Tekäýew | Рейтинг: 2.7/3
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Мukam • 16:56, 05.03.2024
Manlaýyña degresin getirmän, degirseñ has gowy welin, goşgyda şojagaz ýeri göwnüme ýarady. Galan ýeri çöpläp,alypsyñ!
avatar

uCoz