MENU

00:41
Bahar hem ýaşlyk

BAHAR HEM ÝAŞLYK

Ýaz bihesret goýarly däl bu ýylam,
Artýar geň-enaýy hyýal gurmalar.
Baglar bilen deň gülleýär duýgulam,
Gelip, ýüregimde gonýar durnalar.

Elewredip barýar ylham daşgyny,
Galamym pyntyklap, açyp dur gunça.
Ýok, siz ömre bagly etmäň ýaşlygy!
Ýaşlyk ýaşaýandyr ýaşadygyňça!

Ýaşaýar ýüregi mährine çoýup,
Ýaşaýar jennete öwrüp jahany.
Ah, sen neneň gözel, neneň ajaýyp,
Kükräp gelen 33-iň bahary.

Bu baharda ýaşlygym bar özüm deý,
Men ony meňzedip bilmedim başga.
Gursagynda ataşy bar közüm deý,
Teý sabyrsyz durmaga ýa garaşma.

Honha, syryp barýar ýollaň gyrasyn,
Men durnaly kalbym göterip barýan.
Nämüçindir gelenok hiç dymasym,
Gygyrasym gelýär:
– Ýok mende arman!

Armanym ýok,
Gezmedim hiç söýmän men,
Öýke-kinä duzak salýanym üçin.
Edil häzir ýagyş ezen öýmämden
Ejemiň ysyny alýanym üçin.

Bu ys meni biraz läliksiredýär,
Hansyradýar sämän başa girenden.
Ýalanym ýok, diýmäň «näziklik edýär»,
Gözlerim ýumulsa, şu ys direlder!

Bahar meni direlder!

© Gurbanjemal ANNAKOWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 87 | Добавил: Medicall | Теги: Gurbanjemal Annakowa | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 4
avatar
0
1 Мango • 11:27, 01.03.2023
Ýok, siz ömre bagly etmäň ýaşlygy!
Ýaşlyk ýaşaýandyr ýaşadygyňça!

"göwre garrar, göwün garramazyň" başgaça aýdylyşy.
avatar
0
2 Мango • 11:31, 01.03.2023
jemmelesini welin jedel edesim gelip du-da...
o sözlere gönümel düşünmeli däldigini bilsemem.
avatar
0
3 Mergenowna • 21:24, 02.03.2023
Kükräp gelen 33-iñ bahary 1933-iñ baharymyka???
avatar
0
4 Pero • 08:44, 03.03.2023
Gowy gördüm goşgyny,nostalgiýa bii.
33 iñ diýende öz ýaşyny göz öñünde tutandyr-la
avatar

uCoz