MENU

01:36
Baharyñ ajaýyp gününde dörän setirler
BAHARYŇ AJAÝYP GÜNÜNDE DÖRÄN SETIRLER

Gün dogdy,
Nur çogdy,
Endigne görä,
Ýalpyldadyp ak mermerleň ýaňagyn.
Tebigata maýyl bolan bu göwnüm
Nebisjeň synlaýar daş-töweregi,
Olja bilip ondan her bir alanyn,
Apalaýar, guçýar, öpýär, hamana
Ylahy yşk üçin jiger dagladyp,
Aklyny aldyran däli-diwana...

Gidip barýan bozman ýeriň gaýmagyn,
Bozsam bozuljak deý baharyň keýpi.
Üns bermän,
Ünsüme çapraz bu pa:na,
Barýan çar tarapy öwrüp toýhana.
Gülälegiň gollaryndan meý içýän,
Şygyr düzýän yşk hakynda ajaýyp,
Özümi Mejnunyň Leýlisi saýyp,
Hem-de kalba dolýar şeýle setirler:
«Sensiz bolup bilmez meniň şatlygym,
Seniň ýok ýeriňde gerek däl bagtam».
Eý, bahar!
Eý, säher!
Ajaýyp şäher!
Meniň bu bolşumy görmäň siz geň-taň.
Islämok duýgyma geýdirmek nikap,
Beýtsem, parhym bolmaz gury owazdan.
Şoň üçin hasapsyz söýgiň aýdymyn,
Şahyrlarça gözleýärin bu ýazdan.

© Gurbanjemal ANNAKOWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 84 | Добавил: Medicall | Теги: Gurbanjemal Annakowa | Рейтинг: 4.5/2
Всего комментариев: 0
avatar

uCoz