MENU

11:10
Baharyň ogly
BAHARYŇ OGLY

Gurbannazar Ezizowa bagyşlanýar

Alýaňak baharyň ilkinji güni,
Täsin dünýä bolup inipsiň dünýä.
Erikler gül açsa, gülleň gülgüni,
Setirlerňe serpaý bolup görünýär.

Gözleriň asmandan jüp mawy damja,
Sözleriň bossandan, bossan gülünden.
Bir gün tukat bolup, galaýsam gamda,
Setirlerňi eşdip bolar diliňden.

Gursagyňa sygman çykan aýdymlar,
Ýigitlik joşgunyn baky saklaýan,
Misli dünýe dörän gadym-gadymlar,
Adamzada ruh eçilen Hak beýan.

Bahar aýak basan ilkinji güni,
Bu Diýara sowgat edipdir seni.

© Leýla REJEPOWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 90 | Добавил: Medicall | Теги: Leýla Rejepowa | Рейтинг: 2.0/1
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Sylapberdi • 16:20, 02.03.2024
Gurbannazar Ezizowyñ türkmen poeziýasyna getiren sonet formasynda ýazylypdyr.
Adamzada ruh eçilen Hak beýan diýen ýerler-ä edil bir jüpüne düşmändirem diýip pikir edýän.
Herhal ýaş awtora üstünlikler, şowlulyklar arzuw edeli.
avatar

uCoz