Çagalykda elimize reňkli galam alyp ýa toýundan şekil ýasamadygymyz belkem az azdyr.Ýakynda çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda bu eseri synlap kän durdym. Eser gahrymany gyzjagazmy ýa oglanjykmy meniň üçin parhy ýokdy onda her kimiň çagalygyna dolaýan uly güýç bardy. Men eserdäki galamlary görüp hemişe reňkli galamlary almagyň arzuwynda geçen çagalygyma dolandym. Ýoldaşlarymyň her birinden dürli reňkleri alyp reňklän bolsam-da gelejekde çeperçilik ugryndan çörek iýmelidigimi bilmeýärdim. Eserdäki çar ýana ýaýrap ýatan reňkli galamdyr kagyzlaryň dinamikasy rahat uka batan çaganyň berýän duýgusy bilen uly kontrast döretýär. Çaganyň gyzyl balajygy we sary köýneginiň reňki diňe bir onuň gyzjagazlygyny aýtmak islemän, eýsem bu reňkleri çaganyň döredijilik ukybynyň bardygynyň simwoly hökmünde görkezýär.
Döwletmyrat DURDYÝEW Sungaty öwreniji Gündelik ýazgylary 2023
...“Arzuw” suraty Durdy Baýramowyň hatyrasyna geçirilen bäsleşige gabatlanyp döredilipdir. Bakygeldi suraty dynç alyş günleri öýlerinde çekipdir, onuň bäsleşikde birinji ýer almagyny arzuwlan kiçijik ýegençisi bolsa, töweregine “Durdy Baýramowyň işleriniň katalogyny” we galam garalamalaryny üýşürişdirip, ýatyp galypdyr...
Baky bäsleşikde baýrak almandyr, ýöne mähirli, özüne maýyl ediji surat temany açmaga dürliçä çemeleşip bolýandygyny görkezýär...
Merw kaka, şular ýaly suratlary fotorealizmmi, giperrealizmmi... garaz, edil foto ýaly çekilen suratlary köpçülik halaýar. bu akym hem sungatyň bir görnüşi. ýöne, her saçynyň taryna çenli şeýle realistik surat çekmäge uly sabyr gerekdir. umuman, fotony gaýtalamak... diňe "foto ýaly çekip bilýän" diýmegi aňladýan ýaly... öňem biriniň aýdyşy ýaly "fotoapparat bar-a, kösenip näme etjek". bu stile-de hormat goýýan, ýöne...
Howa köp zähmetä bar. Ýöne dogry aýtýaňyz fotoaparat barka fotorealizm de çekmekligem gaty zerur däl ýaly. Menem şeýle eserleriň tarapdary däl. Emma size taryhy mifologik işlerem ýarap barmaýan ýaly...