MENU

06:54
Bakyýet

BAKYÝET

Men müñ ýyl ýaşadym.
Ýok. Ondanam kän!
Diñläp gezdim Eflatunyñ söhbetin
Akyldaryñ özi heniz dirikä.
Beýik-beýik uruşlaryñ bir çeti
Maña degip, saldy tenime ýara.
Eý, sen, Parfiýanyñ gyzgyn sährasy,
Ýadyñdamy, gara başy goýara
Ýer peýlänim, bir daş ülkäniñ şasy
Üstümizi gapyl basan halaty?
Indi ýadym kütelişýär, kimdir ol
Şonda köñlümize baglan ganaty?
Hernä kyn pursatda galmandyk osal!
Kesip geçse Arabystan çölüni,
Menden nyşan tapar ýürekden idän.
Muhammet pygamber aljyran güni
Mekgeden ugrapdym menem Medinä.
Maru-şah-u jahan ah-u-jahana
Öwrülende ýandy köñlümiñ peri.
Hiç goýmandy ýaşamaga bahana
Çingiz hanyñ gana suwsan leşgeri.
Ýöne güle dönüp, galdym men külden.
Aý, ýyldyzlar tutmadylar ýasymy,
Bakylygyñ keşbin saklap köñülde,
Durmuşa sarp etdim bar yhlasymy…
Göz öñüm müñlerçe wakadan doly,
Men kän ýyl ýaşadym, ölerin indem
Her gün agşam Günüñ öçüşi ýaly
Görnüşe aldanýan göreçlerimde.

© Orazgylyç ÇARYÝEW
Категория: Goşgular | Просмотров: 117 | Добавил: sussupessimist | Теги: Orazgylyç Çaryýew | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 3
avatar
0
1 Seýrаn • 08:37, 23.12.2023
Bir soz bilen aydylanda, ajap shygyr bolupdyr.
avatar
0
2 Мango • 10:42, 23.12.2023
"müñ ýyl ýaşan, ýok ondanam kän" ýaşan bakyýet iň soňunda neden "ölerin" diýip dur?
adyna gelişmejek gep etdi ol-a.

gowy ýazypdyr Orazgylyç daýy.

Muhammet pygamber aljyran güni
Mekgeden ugrapdym menem Medinä.

fantaziýasyny erkine göýberişi gyzykly.
"aljyran güni"-niň ýerine başga nähili söz aýdyp borduka?
bu-da erbet däl...
aljyramak - ??? umuman inçeleseň Medinä göç etmek karary edil aljyramakdan däl...
ýöne many dogry.
goşgynam haladym, gyzykly.
awtor sag bolsun.
avatar
0
3 Sylapberdi • 22:39, 23.12.2023
Bir demde okap çykdym. Gowy eken. Dogrusy pygamberimiziñ aljyran güni hakda birhili bolupdyr diýmeseñ.
avatar

uCoz