MENU

02:13
Bar zat öñküsi ýaly bo:r
BAR ZAT ÖŇKÜSI ÝALY BO:R

Bar zat öňküsi ýaly bo:r.

Üýşürip mellegiň çöpün-çalamyn,
Ekenje mekgämi çöpläni üçin
Hüňürdärin kepderilere,
Ýene biparh gararyn
Ömrüm çilýän hepdelere.
Ýaz geldi,
Ýaýla parç boldy...
Hemme zat öňküsi ýaly bo:r...
Hemem bir zat.. öňki ýaly bolmaz.

Bilýän bar zat gowy bolar,
Garşy alaryn Güneşi,
Gözüm gider gumrulara
Jaýymyzda höwürtgelän,
Ýumurtga bermäni üçin
Käýinerin towuklara,
Dirilige gark bolaryn
Ýüzin düşüp gumaklykda...
Bar zat öňküsi ýaly bo:r...
Hemem bir zat.. öňki ýaly bolmaz.

Gynanmaryn, gyýylmaryn
Yssyň öýmüze girenne,
Enesine akyl berip,
Nan bererin gijenine,
Käte haýbat atan bo:run
Goňşyň üýren köpegine,
Elimden ak towuk çokar
Iýmli girsem ketegine,
Kaýyl bolaryn ejemiň iňirdisine,
Inilermiň kötegine...
Hemme zat öňküsi ýaly bo:r...
Hemem bir zat.. öňki ýaly bolmaz.

Az-u-köp-u gussa dörär
Garap Günüň ýaşanyna,
Ýalta sygyr gaýdyp geler,
Tünegine-ýatagyna,
Ýene-de okap başlaryn
Orun bermän ýaltalyga,
Gijäm rahat bolar hökman
Sag egnime ýatanymda...
Bar zat öňküsi ýaly bo:r...
Hemem bir zat.. öňki ýaly bolmaz.

© Suraý BABANYÝAZOWA
Просмотров: 113 | Добавил: Medicall | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 4.0/5
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 sussupessimist • 10:52, 21.02.2024
Bu goşgusam gyzykly.
Ýumurtga bermän, ýumruk çenäp gidýän towuklara gaty gahary gelipdir, şu goşgusynda-da bar, bärde-de şo gysyk towuklar. Alyp, başyny sogragetdin, dönere salmaly beýle towuklary))
avatar

uCoz