MENU

09:34
Belki diñe täsinlikleñ gijesi...
BELKI DIŃE TÄSINLIKLEŇ GIJESI..

Täze ýyl baýramy üýtgeşik,täsin
Şowhunly pursatlar bagta beslener.
Ulular hem çagalygna dolanyp,
Göwünler joşgunly heñe seslener.

Agzybir ojaklar hasam görklenip,
Mähir ýürekleri ýyladar aşa.
Gelinlik lybasyn geýiner Zemin,
Bezenen arçalar ýaraşar gyşa.

Hemmeler bir zada garaşýar göýä,
Belki,täzelikleñ asly umytdyr!
Täze ýylda hökmün ýöredýär arzuw,
Hyýalbentlik hakykaty unutdyr.

Hemmeler ýaşynam unudar şo hal,
Çagalary bilen çaga bolarlar.
Ýa-da mähir bilen sowgat paýlaýan,
Ak sakgally Aýazbaba bolarlar.

Göwün öñküsinden ýaşaran ýaly,
"Nämüçin-kä?"
sowal seriñe gelýär.
Belki,diñe täsinlikleñ gijesi,
Gamsyz çagalygña dolanyp bolýar.

© Meñli AŞYROWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 94 | Добавил: Pero | Теги: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Мango • 10:16, 23.12.2022
"Göwün öñküsinden ýaşaran ýaly"
hawa göwün ýaşaran ýaly bolup biler, emma bir ýaş garraýas, her gezek aýazbaba gelende ömrümizden bir ýylyny alyp gidýär. şatlyk-şowhunyň içinde biz ony duýman galýas.
avatar
0
2 Medicall • 08:21, 26.12.2022
Her ýyl täzelenen-de köp gowy zada garaşýas, ähli adamzada arzuwlaryna ýetmek nesip etsin!
avatar

uCoz