MENU

14:08
Bes maña bir ýerde barlygyñ bilsem

Bes maña bir ýerde barlygyñ bilsem,
Ýadyña düşmesem has gowy hemem...
Razy, ýat gumlara garylyp galsam,
Yöne señ söýgiñi garmasam çaña.

Ruhum bilen bolar ýaly ýanyñda,
Indi aýralykda ýaşanym çendir.
Her nepesde ýaşaýarsyñ añymda,
Kämahal ýadyña düşemok çünki.

Sylapberdi Muhamow.
Moskwa. 06.07.23.
Категория: Goşgular | Просмотров: 115 | Добавил: sylapberdimuhamov | Теги: Sylapberdi Muhamow | Рейтинг: 4.8/4
Всего комментариев: 3
avatar
0
1 Мango • 21:36, 06.07.2023
Iki kupletjik goşgudan iki pikir çykardym:
1) sen meni ýatlaňok
2) men bolsa seni “kämahal däl” “her nepes” ýatlaýan.

Ýöne, “Kämahal ýadyña düşemok çünki” diýen setirde “ýadyňamy” ýa “ýadyma”.

Her nepesde ýaşaýarsyñ añymda, (özüň barada, aňyň barada…)
Kämahal ýadyña düşemok çünki. (o barada, ýady barada….)

Biraz, düşnüksizlik bamy?
Umuman….

Gowy duýguly goşgy.
avatar
0
2 Bagty • 22:36, 06.07.2023
Birhili dowamy bar ýaly gutardymy. Ýa düýbünden gutardymy. Düşünmedim.
avatar
0
3 sylapberdimuhamov • 04:24, 07.07.2023
Sada manyly. Diñe duýgy. Kämahal ýatlanokda hemişe ýatlaýa o meni. Söz oynatma.
avatar

uCoz