MENU

00:56
Beýikleriñ basdaşlaryna oda
BEÝIKLERIŇ BASDAŞLARYNA ODA

Ol şeýle bir beýik, şeýle bir güýçli
Hiç zat inkär etmez ony asyl-ha,
Dirilikde depesinden basanlar,
Ölenden soň götergiläp, asylýa.

Şeýdip onuň bilen beýgeljek bolýa.
Eý-ý, däli dünýä.

Diri wagty onuň üstüne çykyp,
Ondan beýik görünmekdir maksady.

Ölenden soň beýikligine bakyp,
Synyndan gaýym asylyp,
bilýär bilmejegni ony düşürip,
ýöne oň synyndan aslyşyp bilse
köplerden beýigräk boljagyn bilýä.

Şeýdip onuň bilen beýgeljek bolýa.
Eý-ý, däli dünýä.

26.10.2017
Категория: Goşgular | Просмотров: 86 | Добавил: Medicall | Теги: Aşyrmät Garly | Рейтинг: 3.0/2
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Medicall • 08:35, 15.10.2023
Gowy goşgy, Aşyrmät aga, minnetdar!
avatar
0
2 Мango • 10:17, 16.10.2023
gowy goşgy.
başy güýçli başlaýar... soňuny göwnüme howlugyp ýazan ýaly...

Ölenden soň beýikligine bakyp,
Synyndan gaýym asylyp,
bilýär bilmejegni ony düşürip,
ýöne oň synyndan aslyşyp bilse
köplerden beýigräk boljagyn bilýä.

bir zat aslyşýan ýaly.
ýa gaýtalanýan sözler zyýan berýämika?

Synyndan gaýym asylyp / oň synyndan aslyşyp bilse...
---
...bilýär bilmejegni ony düşürip,
...aslyşyp bilse
...beýigräk boljagyn bilýä.
avatar

uCoz