MENU

23:00
Beýnimi mynçgalan...
Beýnimi mynçgalan,
Bolgusyz pikirden saplanyp bilmän.
Özüm zo-ol-zo-ol aýna seredip,
Bigörk keşbime sowalym berýän.
Men kim?
Köçä çykýan.
Öñümden geçenden soraýan,
emma,
Jogapsyz galýar beren soragym,
Ýa-da şol bir jogap,
"Señ özüñ, sen-dä"
Belki-de,
H-o-ol barýan mendirin,
-Aý, dogan, aý dogan aýak çeksen aý!
Berdim sowalymy, ýüzümi aldy,
Bolsa-da ýaşuly gödek ekenaý...
Blogerler ýaly, mahabatlanyp,
Meniñ özüm hut Şol Kerim Hallymy?
"Şahyr" men diýýän, goşguçy deýin,
Heý-de şygyrlarym halan boldumy?...

Sapa Hommat ýaly agras pikirde,
Laçynmy, Suraýmy ýa-da Mahymmy?
Ýok, olañ deñine ýeterden ejiz,
Men olara deñäre nä Şahyrmy?
Özümi tanaman, telbeligimden,
Kelläñe gelmejek, pikirlerimden,
Burçak- burçak derlerine demigen,
Ýeñi ýoluk galan setirlerimden,
Biperwaý halymda galpyldap duran,
Görkümden,
Erkimden,
Ýe-ne her kimden
Şol bir sowalym
Kim men?

Remezan Mametgurbanow
Категория: Goşgular | Просмотров: 121 | Добавил: Kyyas | Теги: Remezan Mämetgurbanow | Рейтинг: 4.3/3
Всего комментариев: 3
avatar
0
1 Medicall • 01:35, 09.02.2023
Haladym!

Ýöne siz olaň hijisi hem boljak bolmaň, diňe Remezan boluň! !

agsaklap ýere düşýän bulutly goşgyny bi goşgyny okamankam teswirläpdim, emma ol goşgydaky meňzeşlik bu goşgudaky getiren atlaryň hijisiniňkiden däl, başga biriniň goşgusyny ýatladýar)
avatar
0
2 Kyyas • 03:07, 19.02.2023
Minnetdar
avatar
0
3 Melike • 18:16, 11.02.2024
"kim men" kyýasmy, remezanmy haýsykañ??
avatar

uCoz