MENU

10:10
Bilbiljik
BILBILJIK

Men gabagmy bir galdyrsam,
Kükregiňde dem tükener.
Gadamymda saz çaldyrsam,
Gursagyňda heň tükener.

Marynyň gyzlary ýeser,
Bir bakyşda sesiň keser,
Gözýaş bolup çykar heser,
Gözleriňde nem tükener.

Aýdymlarym --- heneklerim,
Tans oýnasam, melekdirin.
Bakma, baksaň, ýelekleriň,
Seniň sesiň deý tükener.

Marynyň gyzlary kesir,
Ejeleri hasam kejir.
Saýrap, maýyl etmek ---- ejir!
Gündiz gün, şam şem tükener.

Kapasamy, öýüň, bilmän,
Bagdan gaýtsaň, özüň bilmän,
Gaýtadan saýradyp bilmän,
Bilbiljik, melhem tükener.

Saňa golaý barsam, eger...
Bir ýylgyryp garsam, eger...
Näz bilen ýalbarsam, eger...
Gylça janyň hem tükener.

Bilbiljik, seň derdiň ýaman,
Laçyndan sen sora aman,
Ger, söýse, maryly, Tamam!
Ömri ömre deň tükener.

25.09.2008ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 77 | Добавил: Bagabat | Теги: Laçyn Pürjäýewa | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Medicall • 17:21, 05.12.2022
Bilbiljigiñ işini görjekda Laçyn))
avatar
0
2 Мango • 18:18, 05.12.2022
Gadamymda saz çaldyrsam, 
Gursagyňda heň tükener.

orslaryň tansy bolmaly (adyny bilemok) aýaklaryny çalt-çalt ýere kakyp, ellerini dyzyna urup, saz-heň edýärler. Şoňa meňzeşdird-ä gadamyň bilen saz çalmak.
avatar

uCoz