MENU

00:12
Bilesim gelýär

BILESIM GELÝAR

Alysdan neneňsi görünýän, dogan,
Dälmi ýa men içgin synlanňa degýän?!
Gözleri äýnekli, saçlary ösgün,
Arzuwny yzyna düşürip gelýän.

Oglan öňküler deý ýygra däl indi,
Kalby kisesi deý çöwrülip duran.
Söýgüsin gapjyk deý içinde gizläp,
Ol tüýs bir Mejnuna öwrülipdirem.

Günleň kölegesin ýaşap ýörşüne,
Kaşaň geýinmäge degenok eli.
Onuň aladaçyl gözlerne bakan
Kalbynam hat deýin okaýar göni.

Ol hem hojalykçy kaka, häzirem
Işden geler, goşy – ýeralma, sogan…
Ol nähili adam?!
Bilesim gelýär.
…Men alysdan neneň görünýän, dogan?!

© Goçmyrat ORAZBERDIÝEW
Категория: Goşgular | Просмотров: 71 | Добавил: Awtor | Теги: Goçmyrat Orazberdiýew | Рейтинг: 4.6/5
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Mekan2 • 10:04, 13.12.2023
bir tüýsli how öz-ä. bulam bir usuldyr-da.

daşdan seretseň nähili görünýänini liriki gahrymanyň özi gürrüň berýämi ýa men ters düşündimmi?
avatar
0
2 Мango • 17:10, 13.12.2023
Söýgüsin gapjyk deý içinde gizläp,
Ol tüýs bir Mejnuna öwrülipdirem.

sorag:
* söýgi nämä deňeldi? gapjygamy?
* näme gizlendi? gapjykmy ýa söýgi?

söýgüsini gapjyk ýaly içinde gizledi diýseňem, olam bir hili puly gapjykda gizläp bolar, emma söýgüni gapjyga deňäp onam gizlemek.... onda, täze sorag: gapjykda näme ba?

---
Işden geler, goşy – ýeralma, sogan…

ufff... iş-ýeralma-sogan, ýene iş-ýeralma-sogan....
durmuş iş-ýeralma-sogan bolmaly däldir-ä....

---
…Men alysdan neneň görünýän, dogan?!

erbet görüneňok.
goşgam erbet däl. durmuşy.
Goç kaka üstünlikler!
ýyzzyllaryň bäşisem.
avatar

uCoz