MENU

01:58
Nädip söýýädim?!


Nädip söýýädim?!.

Bilýäňmi, men seni nädip söýýädim?
Derýalaryň tolkunynda gark bolup.
Bir gün menem alyp gitjek pelegiň,
Ähli şatlyk, gamlaryndan terk bolup.

Bilýaňmi, men seni nädip söýýädim?
Ýyldyzlaryň baryn Ýere düsürip!
Aýyň ýaňagyndan öpüp gaýdardym,
Uklanda yşkyny düşek edinip.

Bilýäňmi, men seni nädip söýýädim?
Käte-käte kimdigimem unudyp.
Şol pusrat sen bolup başym sypardy,
Mymyk ýeller ellerini uzadyp.

Bilýäňmi, men seni nädip söýýädim?
Göwnüm üçin ýylgyrmadyk täleýiň
gan-gabarçak bolan barmaklam bilen,
Seýikläpler döwük-döwük tärimin.

Bilýäňmi, men seni nädip söýýädim?
Ejiz men söz bilen jogap bererden.
Wah, ýöne bu dünýä meniňki bolsa,
Onuň deň ýaryny saňa bererdim.

© Ogultäç ORAZTAGANOWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 132 | Добавил: Medicall | Теги: Ogultäç Oraztaganowa | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Мango • 12:57, 18.11.2023
Bilýaňmi, men seni nädip söýýädim?
Ýyldyzlaryň baryn Ýere düsürip!

näme sebäpden ýyldyzlary ýerinden gozgamaly, ýere düşürmeli?

ýa ýyldyzlaryň ýere düşmegi, gije gutaryp daň atmagynyň simwolymyka?

---

Wah, ýöne bu dünýä meniňki bolsa,
Onuň deň ýaryny saňa bererdim.


dünýäň deň ýarysy siziňki, beýleki deň ýarysy onuňky bolsa.... (dünýäni iki bolup paýlaşsaňyz) biz näme işlemeli? :-)
avatar

uCoz