MENU

00:30
Bir bar eken...

BIR BAR EKEN...


Bir bar eken…
Soň ýok eken nurly meňizde ýylgyryş.
Dünýe birsellem togtady,
Hereket ýok. Ýok hiç bir yş.

Bir bar eken…
Ýerleşerden dar eken Zeminiň asty.
Nirä gitjek? Ýer ýüzünem
Alasarmyk duman basdy.

Ýerden ýer tapmadyk janlar,
Han-ha urunýar ikiýan.
Nirä sumat boldy birden
Daglar, baglar hem okean?
Ýok, ýok, bu beýle däl. Asla
Bolubam bilmez beýle zat.
Heniz hiç zadyň soňy däl.
Bolsa-da hemmesi berbat.
Miwe ýygnar bir bag eken.
Sen görýäňmi, hol tarapda
Bir üýtgeşik ýer bar eken.
Seretsene, gözellige
Gül bar eken…
Gülzar eken…

© Aýbölek ABDYÝEWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 116 | Добавил: Medicall | Теги: Aýbölek Abdyýewa | Рейтинг: 5.0/4
Всего комментариев: 5
avatar
0
1 Merdan • 10:48, 20.06.2024
Tüweleme, berekella goñşy. ....Bu goşgynyñ myhmanyñ öñine goýylmaýanlygy ünsimi çekdi admin daýylar?!!!
Aslynda hetdim däldir welin goşulmak, yone sorenda..
avatar
0
2 Мango • 14:16, 20.06.2024
haladym.
"bir bar eken..." – her zadyň wagtlaýynlygyny, geçijiligini ýada salýan ajap jümle.
pessimizme düşjek-düşjek ýaly edip optimistik gutarýa goşgy – "...hol tarapda Bir üýtgeşik ýer bar eken. ...Gül bar eken… Gülzar eken…"

"ýerden ýer tapman ikiýan urunýan janlar" –ine, şujaşşa ýerem gow ken.
janserek janlar diýen ýaly... 

"Ýerden ýer tapmadyk janlar..." şuny "Ýerden jaý tapmadyk janlar..." diýseňem boljak ekenden...

berekella Aýbölek hanym.
avatar
0
3 Мango • 14:22, 20.06.2024
Heniz hiç zadyň soňy däl.
Bolsa-da hemmesi berbat.

dowry aýdýaň.
entek hiç zadyň soňy däl.
(bolubersin her zat berbat...)

Ruhum göterilip gitdaý...

---

Ýok, ýok, bu beýle däl. Asla
Bolubam bilmez beýle zat.

"beýläni" gaýtalaman aýdyp bolaýan bolsa gowwoljakken.
avatar
0
4 Medicall • 23:35, 20.06.2024
Gaýtalamak bolmayan bolsa-da gaýtyw-a munda beýle beýle diýip iki gaýtalany gowy gelişipbatypdyr Aýbölegiñ)
avatar
0
5 Medicall • 23:48, 20.06.2024
Meñ pikirimçara Ýerden ýer tapmadygy gowy ýañlanýar, sazlaşýaram: Ýerden ýer tapmadyk adam jaýy nädip tapsyn hä? Ilki ýer tapylsa jaý ondan soñ tapylmaly)
avatar

uCoz