MENU

02:27
Bir derdim bar içim içime sygman...
BIR DERDIM BAR IÇIM-IÇIME SYGMAN..

Bir derdim bar içim içime sygman,
Pälim, niýetim özara uruşýar,
Hemişe araçy bolan halatym,
Erbet pälim mydam hetdinden aşýar.

Ynha-da bu günem şol öñki söweş,
Ekizek bolsada palim niýetim,
Abylyñ Kabyly öldürşi ýaly,
Üstün çykypdy,
Erbet häsiýetim,

Elimde göterip, Ýagşy palimiñ
Jesedini elim bilen jaýladym,
Begençden dolduryp, içden gülkimi,
Mazar:nyñ başynda sessiz agladym.

Remezan MÄMMETGURBANOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 73 | Добавил: Kyyas | Теги: Remezan Mämetgurbanow | Рейтинг: 4.0/2
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Мango • 17:40, 20.01.2023
"Pälim, niýetim özara uruşýar"
pälem, niýetem ikisem biri-birine ýakyn zad-a
päl - Adamyň islegi, hyýaly, niýet-pikiri.
niýet - Bir zada, işe öňünden döreýän isleg, hyýal, maksat.
ýöne päl-niýet ýagşy ýa ýaman bolup biler.
ikisem bolup biler.
===
Begençden dolduryp, içden gülkimi,
Mazar:nyñ başynda sessiz agladym.

diňe üç sany sorag???
avatar
0
2 Kyyas • 14:28, 21.01.2023
Ýagşy adam boljak bolup, erbet boldum, şol ýagşy niýetimiñ gadry geçdi, indi ony gömüp ýaman bolan häseýetimi görkezsem adamlar sylagy artyp başlady diýip berjek boldum.
avatar

uCoz