MENU

16:14
Bir ömür...

BIR ÖMÜR

Bir ömür gerek boldy
Müňlerçe ömri yzda goýmaga.
Ýeke hoş sözüne sygan ýüregim,
Täze salamlara tarap uçmady.
Soň bir güne ýetişmese urgular
Köne gürsüldiler ýakar köňlüňi,
Hem ýykar ruhuňda beýgelen ömri.
Şeýle hem begenmek üçin,
Görmek üçin düýşüň hakykata öwrülşin,
We ýüzüňi ýuwmak üçin,
Öz döreden ummanlaryň nuruna
Bir ömür gerek boldy...

2019

Düşünme maňa

Gijelerde yz goýupdyr gözleri
Şeýle gijeleriň birine çümüp,
Ýöreýän sebäpsiz Aýa döz gelip
Hem söz berip, ol söze-de düşünmän
Edil ýazýan goşgulam deý
Käte içgin käte ýüzleý
Dowam edenimde duýgularyma
Düşün-düşün diýip guý gulagyma
Hem düşünme maňa käte
Düşnüksiz galsyn sözlerim

Bugunyň astynda

(kofýadyr çaýyň)

Bir döwür eräp barýar,
Içinde düşünje agyr,
Ýüreginde duýgulary güýçli,
Pikirleri pyrlanýar töwereginde
Dogrusy – her döwür eräp barýar.
Onuň üçin möhlet ýok
Basan ýerlerinde,
Bägüller döräp barýar
Her eýýäm üçin.
Müşküniň saýasynda
Örän arkaýyn,
Başyny dik tutup
Biri ýöräp barýar.

2019

© Seýran OTUZOW
Просмотров: 133 | Добавил: Medicall | Теги: Seýran Otuzow | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Medicall • 16:22, 06.07.2024
Bu goşgularyny men arhiwimden tapyan, bir sebaphon bende ugratdy bulary maña, meñem okyjylara okamaga ýetiresim geldi, Seýran Otuz daýyñ öz habary bir barmyka bularyñ baryndan? meñ paýlaşjagymdan-a habary ýok. Özem bu saýtda agza bolansoñ rugsatsyz paýlaşýan. Gaty görýan dälsiña hä, çuññur hormatlanýan Seyrannadedayy?
avatar

uCoz