MENU

23:26
Bir söz
Bir söz

Biz bile meýdanda sogan ýygypdyk,
Şol ajyly meýdan tagamlydy has.
Ykmanda dostlamdan gaçyp gijeler,
Gözleňde gizlenip bolardym halas.

Ir bilen meýdanda garaşardym soň,
Seň geljek ýoluňa garagym dike.
Sen üstünde gezseň ýaşyl öwserdi,
Göge döşün serip "garawul depe".

Bir günem üstüme ýykyldy dünýä,
Ýaglygyňy sogrup gyňaç daňdylar.
Biz birek-biregi ynjytjak däldik,
Ejeler durmuşy kynlaşdyrdylar.

Arzuwlarmyz, arzuw bolup galaýdy,
Ykballaň gözüne sokdular iňňe.
Bu gün gulagyma şum habar degdi,
Ýaşaýan dünýämden gidipdir dünýe.

Ýüregi tämizim, ýüregmi ýolduň,
Millet mazarlykda başyn egip dur.
Saňa birje sözi aýtmaklyk üçin,
Guburyňa giräýesim gelip dur.

Ýazmyrat Çörli.
Категория: Goşgular | Просмотров: 93 | Добавил: Ýazmyrat | Рейтинг: 4.2/5
Всего комментариев: 6
avatar
0
1 garagar • 01:53, 23.12.2023
Şahyrdan gowy görýän goşgularymyň biri. Ýeri, sogan däl-de, üzüm ýygaýda)
avatar
0
2 Seýrаn • 08:42, 23.12.2023
Shygra gelishmeyan soz. Sarymsak has poetik mundan.
avatar
0
3 Мango • 10:25, 23.12.2023
sarymsak diýse aldadygy bolar.
aldamak gowy däl.
(aldasaň Ýaran kaka käýýeýär*)
* marylylaň "bileMMok" diýip ýazyşy ýaly menem şu "käýeýäri" iki "ý" bilen ýazýan. şo ýaňlyşam öýdýän. onda-da öwrenilen gylykdyr-da, käýýemäň maňa...

Biz bile meýdanda sogan ýygypdyk,
Şol ajyly meýdan tagamlydy has.

maňa ýarady. birhili hernäçe kyn ýagdaýda galsada adam pahyr özüne bir спасательный островок ýasanmaly.
ajy sogan ýygylýan ajy günlerde-de seniň barlygyň bilen ajy tagamlary duýamok, dünýe tagamly... diýýän ýaly.

ýöne olam özüňi aldamak ýaly bir zat bolmagam mümkin...
hekaýatyň soňy ajy gutardy.

5 ýyzzyl.
avatar
0
4 Pero • 11:09, 23.12.2023
Käbir zatlary owadanlamagam gerek däl öýdỳän. Halal zähmetiñ hiçisem,hatda poeziýa üçinem betnyşan däl.
Goşguda köplenç okyjyny irizmän tutuş ömri añladyp bilmek kyn. Birje pursadyñ üsti bn kän zat añladylsa täsirli bolýar. Emma bu goşgy"Rekordy döwüpdir" Awtor ezber eken.
avatar
0
5 Medicall • 11:26, 23.12.2023
"Biz birek-biregi ynjytjak däldik,
Ejeler durmuşy kynlaşdyrdylar.

Bu gün gulagyma şum habar degdi,
Ýaşaýan dünýämden gidipdir dünýe."
avatar
1
6 Ýazmyrat • 12:22, 23.12.2023
Men öz goşgulamda çyndan daş düşmejek bolýan.
avatar

uCoz