MENU

13:21
Bir surat gördüm

BIR SURAT GÖRDÜM

Bir surat gördüm arada,
Biri maňa bakyp durdy.
Arkasynda demir bardy ullakan,
Gara dem alýan ýalydy şäher.
Oka diýýärdi gözlerimden içimi,
Beýle kynam däldi ýüzüniň reňki.
Elimi başyna uzadan çagym,
Ýüregimiň bardygyny ýaňadan duýdum.
Adamdym, olam adamdy,
Bir surat gördüm arada
Umytlarym içime damdy.

2013

© Seýran OTUZOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 196 | Добавил: Medicall | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 11
avatar
0
1 Mekan2 • 13:42, 04.03.2024
okap başlamakaň frekansyňy Seýran 30-a sazlamaly. mende weli frekans konwerter ýok.
avatar
0
2 Medicall • 13:53, 04.03.2024
adamyň içini (derdini, ýüküni, aladasyny, ýa-da şatlygyny) ýüzünden, gözünden reňkinden okamak kyn däl, umytlary içine damýan bolsa hasam. emma ony okamagada üşük, aňlaýyş, duýujylyk zerur.
Seýran däde "suratdaky" arkasy agyr ýükli adamy duýup bilipdir, adamyň özüni özünden gowy aňlap biljek ýokdur diýýärler-a, şonuň ýaly...
avatar
0
3 Küle • 15:10, 04.03.2024
Haladym.
Laýyk.
avatar
0
4 Мukam • 20:47, 04.03.2024
Şahyr aşa duýguçyl bolýar, öz- özüni suratlandyrjak bolup, öz keşbini, säherden, şäherden, ownuk tozanjyklardan gözleýär. Umytlar döreýär. Seýran içine damdyrypdyr umydy şygyr bolubam çykypdyr. Umyt döränden soñ damdyrmak üçinem ýen birnäçe setir döretseñ az däl! Üstünlik!
avatar
0
5 Aýgül_Baýadowa • 22:16, 04.03.2024
Seýranyň göreni bu surat däl-ä.
avatar
0
6 sussupessimist • 22:52, 04.03.2024
Ol surady entek tapmadyk. Soň çalyşmakçy.

Ay, yone surata beyle bir ahmiyetem bermeli dal. Eseriň ozi içiňizde suraty çeksin.
Hut şu goşga gelişjek surat bardyram oydemok.
avatar
0
7 Mekan • 05:58, 05.03.2024
Gara dem alýan ýalydy şäher.

Bombalanan şäher gözöñüme geldi.

Elimi başyna uzadan çagym,
Ýüregimiň bardygyny ýaňadan duýdum.

Şo ýerdäki çagañ suratyny göräýdimikä diýdim.

Bir surat gördüm arada
Umytlarym içime damdy.

Bärdäki eýýäm başga suratmyka, umytlandyrýan?!.

Ýöne goşgy 2013-de ýazylypdyr
avatar
0
8 sussupessimist • 13:46, 05.03.2024
Dünýäň parahat oturan güni barmyka? 2013-iňem özüne ýetik belasy, tragediýasy bolandyr.

Kä eserler könelişen, ähmiýetini ýitiren bolsa gowy bolardy.
avatar
0
9 Mekan2 • 14:05, 05.03.2024
her gijeden her daňa-a
aýlanyp dur goja şa-ar
onuň özüne ýetik
aladasy, derdi ba-ar

diýýäňdä
avatar
0
10 sussupessimist • 15:08, 05.03.2024
...Every night and every morn
Some to misery are born;
Every morn and every night
Some are born to sweet delight;
Some are born to sweet delight,
Some are born to endless night...

ýa-da

...Темной ночью и чуть свет
Люди явятся на свет.
Люди явятся на свет,
А вокруг - ночная тьма.
И одних - ждет Счастья свет,
А других - Несчастья тьма...

diýýän, gamgyn ) bn
avatar
0
11 Mekan2 • 15:28, 05.03.2024
ýürejigim bol-a, because

Some are born to endless night...

it's me, 2
avatar

uCoz