MENU

13:35
Bir wagtlar bellik eden goşgujyklarym
Men özümi gördüm dowzah içinde,
Ýanyp barýan, ýok ýanamok ereýän.
Köpelýär günälem,
dag ýaly ýene- Gün, Älem bolup döreýär.

***
-Ezizim,
-ynha men,
-Aýdypber iñ eý görýän goşgyñy?
- Sen...

***

Bir ýaşuly diýdi:
- Howa bir täsin.
Bir görseñ şemally, birde-de ýagyş,
Käte Gün çykýar,
Käte tüweleý,
Bir görseñ Älemgoşar çekip dur nagyş.
-Inim seniñ goşgularyñam okadym,
Göýä howa ýaly üýtgäp dur olar.
Bir setir Asmanda, birisi ýerde,
Diñe ýerde ýazsañam bolar...

Remezan Mämetgurbanow
Просмотров: 84 | Добавил: Kyyas | Теги: Remezan Mämetgurbanow | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Medicall • 15:15, 15.03.2023
-Ezizim,
-ynha men,
-Aýdypber iñ eý görýän goşgyñy?
- Sen...

Şahyrlaň on bentde aýdyp tükedip bilmän kösenp, nämediginem bilmän ýene gözlege çykýan zadyny azajyk sözde gowja ýerleşdiripdir..

Awtora üstünlik!
avatar
0
2 Kyyas • 17:35, 15.03.2023
Minnetdar :))
avatar

uCoz