MENU

08:38
Biwepalyga sypaýyçylyk
BIWEPALYGA SYPAÝYÇYLYK

Bagyşlaň, başgaça bolup bilemok,
Men ýagdaýa görä bolmaly bolýan.
Siz çaga däl, düşünmeli şeýle-de,
Men eýýämem aýtjak zatlarym aýtdym.

,,Ýaradylşym şeýle'' hem diýip biljek däl,
Dogrusy-ha
Siziň maňa düşünenňiz, düşünmänňiz bir köpük.

Hawa, söýdüm. Söýýän. Ýeri, söýemde näme?!
Bütin ömrüm sizi söýüp ýaşap bilmen ahyry.
Hemişelik bile bolmak, hah-hah-haý!
Bu çendenaşa sadalyk dälmi?!

Siz bagyşlaň,
Elbetde sözüňde durmak ýakymly.
Emma menem beren sözünden dänmez
Hemem...
Töwekgellik eder derejede akylly däl-le.

09.08.2011ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 91 | Добавил: Bagabat | Теги: Laçyn Pürjäýewa | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 3
avatar
1
1 Bagabat • 08:42, 23.01.2023
Surat: Edward Munk "Aýralyk" (Hijran) 1896ý.
Ýa-da "Aýrylyşmak" (Расставание).
avatar
1
2 Мango • 10:51, 23.01.2023
Bagyşşaň welin, düşünmejek bolýan

Hemişelik bile bolmak, hah-hah-haý!
Bu çendenaşa sadalyk dälmi?!

Nika bilen hemişelik bile bolmaga, maşgala bolmaga sadalyk diýlip üstünden gülündigimikä?
Bu ne sypaýy biwepa.
===
Elbetde sözüňde durmak ýakymly.
Emma menem beren sözünden dänmez
…(ýaly) akylly däl-le.

Öňem bir narkomanyň “bize allamak bolýar-a” diýişine bardy.
Narkoman pul dileýär:
- aýlyk alyp berjek.
- bereňoga sen hiçem, ondan-a aldap durman ýöne diläý, yzyna berjek diýme. Aldawçy bir bolma.
- bize allamak bolýar-a!
avatar
1
3 Aygul • 15:42, 23.01.2023
Şahyra-da bolýandyr-da onda, aýlap-aýlap, başy çaşyrmak))
avatar

uCoz