MENU

01:06
BOLMALY
BOLMALY

Owal-ahyr ýagşy bolmaklyk üçin,
Göwünler birneme sada bolmaly,
Ýalñyşlaryñ ýerin dolmaklyk üçin
Özüñe özüñde kada bolmaly.

Abraýyñ artmaz ýaranjañ bolsañ,
Sylagyñ kemeler gomaljak bolsañ,
Köpleriñ öñünde tanaljak bolsañ,
Ýaşlañ arasynda moda bolmaly.

,,Menem şeýle boljak..." Şeýlemiş il-ä,
Diýmekligiñ özi uly bir günä
Umydy süýrekläp, ynamy diräp,
Şolara halasgär ada bolmaly.

Özün aldaýany gezsemem geñläp,
Göwnümi ýazgardym ýüregmi diñläp,
Köp zady söz berdim, soñuny bilmän,
Bizi köseýän zat wada bolmaly...

©Baýram BEJIDOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 92 | Добавил: @Baýram_Bejidow | Теги: Baýram Bejidow | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Мango • 09:46, 04.07.2023
Umydy süýrekläp, ynamy diräp,
Şolara halasgär ada bolmaly.

ýokarky ýerine düşünmedim.
umydy nirä süýreklemeli?
ynamy nämä diremeli?
(manysy: umydyňy we ynamyňy gora, ýitirme - diýiljek boldy ýaly).

onsoňam, Baýram kaka, açyk gürrüň etsek... edil meiniň üçin şu ýazylyş usul täsirsiz. (ýa-da meniň göwnüm modernizm isleýämikä?) diýip bolýan bolsa bu stile kerim aga-stil, berdinazar aga stil... diýesim gel gelýär. olary peseltdigim däldir. ters düşünmäň.
diýmek isleýänim biz ikimüňnäçenjileriň ynsany, olar bolsa müňdokuzýüznäçenjiň ynsanlary. öz döwrümiziň tapawutly sesine öwrülip bolaýsa.
jaýymyza emulsiýa barka hek çalmagy göz öňüne getiriň.
ikisem agardýala welin, materiallar döwre göre-dä häzir hek ulanýan barmy (umuman)?
mysalymam birhili boldy ýaly.
gysgaça täzelik isleýän.
täze sözlemler, täze pikirler, täze usullar...
***
goşguda aýdýanlaryň dogry zatlaram welin... birhili garry atam öňünde oturdyp käýýäp oturan ýaly-da.
senem "bahymrak käýýäp bolsa" diýip sabyr edip oturan ýaly...

ýöne, Baýram kaka siz başararsyňyz.
gaýrat ediň. halamaýan zadymy başgalara etmeli boldy.
garry ata ýaly öwüt berip alyp ýatdym öýdýän.
üstünlikler.
avatar
0
2 sylapberdimuhamov • 07:34, 07.07.2023
Göwünler birneme sada bolmaly, emma sadalyk bolaýyn diýip bolunýanam zat däl ahyr?!
avatar

uCoz