MENU

14:30
Bolmaz
BOLMAZ

Aýallar duşsa, gep tapar,
Hemem olar gepe bolmaz.
Ýürekdeş bolan gyz, oglan,
Ýürekdeşdir, şepe bolmaz.

Akly bar aýbyny ýapar,
Goranany gorar Hakam.
Oglanlykda ýylan çakan,
Ýolda ýatan ýüpe ýolmaz.

Gark borsuň, çümme tereňne,
Şükür durşuna keremdir,
Az görme Allaň berenni,
Çünki iman nepe bolmaz.

Iblisden adama ýokan
Nebis ahyrýetde ýakar,
Kämil dana bilen çopan
Hylwatdadyr, köpe bolmaz.

Okap kämillige ýeten,
Şeýh Kebiriň ýolun tutar,
Watan. Watan. Ýene Watan.
Watany bar, ýeke bolmaz.

© Aşyrmät GARLY
Категория: Goşgular | Просмотров: 80 | Добавил: Medicall | Теги: Aşyrmät Garly | Рейтинг: 3.0/3
Всего комментариев: 2
avatar
1
1 Мango • 16:29, 19.07.2023
Az görme Allaň berenni,
Çünki iman nepe bolmaz.

düşünmediim.

***
jemlemede bir hili güýçli sazlaşmaýan kontrast bar.
ýagny "Şeýh Kebir" diýip ruhy derejeleriň gürrüňi gidip durka, birden duýdansyz syýasy tema öwrülýär (Watan. Watan. Ýene Watan)...

Okap kämillige ýeten,
Şeýh Kebiriň ýolun tutar,
Watan. Watan. Ýene Watan.
Watany bar, ýeke bolmaz.

beýnide ýyldyrym çakyp bilmedi...
avatar
0
2 Seýran • 15:43, 23.07.2023
Ýyldyrym çakmasy hökmanmy? Elbetde, bolmasa goşgy bolmaýa ondan. Kapiýalar zynjyry we bentler sepleşigi. Iňňe-iňňe...
avatar

uCoz