MENU

14:22
Bolýan bolsa

BOLÝAN BOLSA

Döwlen ynamyma umydy garyp,
Duýgymdan ýasajak kiçijek ga:lyp,
Günäsiz arzuwlañ ganynyna galyp,
Men şu gün bar zada noldan başlajak.

Kem ýerim kän, kemli göwni göterip,
Ýakjak ony közli oda iterip,
Tapyp şu bolşumdan has-da beterin,
Men şu gün bar zada noldan başlajak.

Ýugrumy ýetmedik hamyra meñzäp,
Gezdim-ä şu çaka kineli eñräp,
Täleýiñ taýagyn iki ýan deñläp,
Men şu gün bar zada noldan başlajak.

Ýagdaýyñ pes bolsa gidýär ýakynyñ,
Ne-hä peýdasy bar, ne-de dahyly,
Çykýan bolsa gözi çyksyn bahylyñ,
Men şu gün bar zada noldan başlajak.

Göz üçin ýaşaman, söz üçin ölmen,
Geljegim ne halda ony-da bilmen,
Aýtýanlam rastdyr, çynym dost gülme!,
Men şu gün bar zada noldan başlajak.

Dolduryp gursagmyñ boşaşan ýerni,
Çekmeli bor başa getirenlerni,
Gazananma goşup ýitirenlermi,
Ykbalymy deñdir (=) noldan başlajak...

© Baýram BEJIDOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 91 | Добавил: @Baýram_Bejidow | Теги: Baýram Bejidow | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 0
avatar

uCoz