MENU

11:30
Bozgurt ruhly kowumlara

Bozgurt ruhly kowumlara

Nebsiň jeňňelinde yzymdan galman,
Çat maňlaýymdan çykyp,
Käte parhsyz
Käte gazapdan doly
Gözlerini maňa garşy uzadan
Dişlerini çarhlan ýekegapanlar.
Bilermi siz
Munda hemme taňry işinden galyp,
Fakat soňky demde Haka bakarlar.

Menem bu ýollarda arslan mysaly,
Ýahud alabeder gaplaň sypatly
Bolup başaramok, haýyp.
Aýazly gijede aýa seredip
Öz dilimde aýat okap bilýärin,
Maňa bu ýollarda böri diýýärler.
Gök taňry döwründe
Allaha çenli
Adam kowmy bilen jana jan gardaş
Nebsiň jeňňelinde ýekegapanlar,
Gurtlar bilen asla darkaşyp bilmez.

Sylapberdi Muhamow.
15.11.2023 ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 99 | Добавил: Sylapberdi | Теги: Sylapberdi Muhamow | Рейтинг: 4.0/2
Всего комментариев: 4
avatar
0
1 Medicall • 13:18, 21.11.2023
Hoş gelipsiz gaýtadan))

Del sözleri ulanypsyñyz
avatar
0
2 Sylapberdi • 12:46, 23.11.2023
Sağ boluñ!!!
Aslynda gitjegem dâldim)
avatar
0
3 Medicall • 13:42, 23.11.2023
Gitjek bolup gitmedigiñizi gördüm-a panelda, emma poçtañyza ýazmagy-da gelşiksiz hasapladym)) Sagboluñ
avatar
0
4 Sylapberdi • 16:55, 23.11.2023
Tehnologiýalar bize biraz agyr gelýa, çylşyrymly bolýa, ýene şeyle sorun çyksa gelşiksiz görmäñ, Nurdan hanym!
avatar

uCoz