MENU

12:30
Bu-da zeýrençmi?
BAHANA

Bagt hakda gep açýarka özgeler,
Biz şol bir gussany gujaklap ýörüs,
Durmuş üstimizden gülýän deý, käşkä,
Ýa-da biz böwrüni gyjyklap ýörüs.

Özdiýenli, kejir, ketjal däldik biz,
Ikimizem sadalygy söýerdik,
Sen-ä şatlygyñy durmuşa berdiñ,
Menem gussalarmy kinä öýerdim.

Bir söz bilen ýazylýarka öýkämiz,
Göwünleri aýna ýaly saýmadyk,
Şonuñ üçin kalbymyzy gazdykda,
Päk söýgüni diri halda jaýladyk.

Onsañ senem, menem günämiz bilen,
Özümizi aklamana çalyşdyk,
Ne-hä ýol duşurdy, ne-de bir ýoda,
Ýa çynlakaý görmezlige salyşdyk.

Şeýdip tukatlyga hökümdar bolup,
Sussypeslik bilen bakdyk jahana,
Asyl höwes eken köseýän närse,
,,Söýýän" diýmekligem bize bahana...

© Baýram BEJIDOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 131 | Добавил: @Baýram_Bejidow | Теги: Baýram Bejidow | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 4
avatar
0
1 Sakçy • 15:49, 21.07.2023
Awtora üstünlikleri hem-de azrak gamlanyp durmagyny arzuwlap kiçijik bellikleri edesim gelýär:

,,Durmuş üstimizden gülýän deý, käşkä,
Ýa-da biz böwrüni gyjyklap ýörüs"

Şu ýerde ,,käşkä" sözüniň geregi ýokmuka diýýän. Sebäbi bu söz bilen ol ýerdäki manynyň baglanyşygy ýok. Şol bent şeýleräk bolup bilerdi:
Bagt hakynda söz açýarka özgeler,
Biz şol bir gussany gujaklap ýörüs.
Durmuş üstümizden gülýän mysaly,
Ýa-da biz böwrüni gyjyklap ýörüs.
***
,,Şeýdip tukatlyga hökümdar bolup,
Sussypeslik bilen bakdyk jahana"
Tukatlyga hökümdar bolsaň, sussupeslik bilen jahana bakylmaýmasa...
(,,Şeýdip tukatlygyň ýesiri bolup,
Sussupeslik bilen bakdyk jahana" boljak ýaly...)
avatar
0
2 Medicall • 16:07, 21.07.2023
Bu-da zeýrençmi?
- Ýok, bu zeýrenç, däl!
- onda nä maña zeýrenýar diýýäñiz?
- munuñ ýaly ýazsañ diýmeris!
- Goşgy nähili?
- Ajaýyp!
- @Sakçy "käşgä" bolanok diyipdir.
- Dogry aýdyodyr-da!
- onda tukatlyga hökümdaram bolanokmy?
- Ol-a bolýaram, Tukatlyga hökümdar - gussanyñ şasy diyen ýaly alansyñ-a.
- hawa, şeyleräkdi
avatar
0
3 Medicall • 16:09, 21.07.2023
Baýram, jigim, munuñ ýaly ýazsañ beýlebir zeýrenýäñem diymeris, goşgy halatjak bolup dur özüni, ruhybelentleşýäñ öz-a, ähli tutumlaryñda üstünlikler hemrañ bolsun!
avatar
0
4 Okayjy_ • 07:59, 11.08.2023
"Söýýän" diýmekligem bize bahana.

Soñyna söz ýok.
avatar

uCoz