MENU

23:35
Bu täze ýyl...

Bu täze ýyl üýtgeşik ýyl,
Seniñ maña duşjak ýylyñ,
Kinäni zyñyp ymykly,
Arzuwlañ gowuşjak ýyly.

Arçany bezedim, gel gör,
Jäjekli, çyraly ine,
Aýaz daýy gelmese-de,
Sen garpamyk bolup geläý!.

Ak garlañ astynda şu gün,
Garaşar üşeden bagtym,
Men özlügme dolanaryn,
Mähriñe gyzdyran wagtyñ.

Asmanda aýam görünmez,
Çünki sen ýere düşersiñ,
Bulut örtendir öýtmegin,
Ýyldyzdan köke bişirdim.

Ak arzuwlañ gara çyny,
Göwnüme göwünlik berýär,
Ykbalymyñ sowgady SEN,
Galanynam özüñ bilýäñ!...

©Baýram BEJIDOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 119 | Добавил: @Baýram_Bejidow | Теги: Baýram Bejidow | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 4
avatar
0
1 Мango • 11:07, 28.12.2023
2024-de Asmanyň Aýy ýere düşse,
ýyldyzlardanam köke bişirilip toý edilse...
bizem çagyrylsak...
avatar
0
2 garagar • 23:18, 28.12.2023
Şuwagta çenli okan täze ýyl goşgularymyň içinde iň gowusy!
5 ýyldyz
avatar
0
3 Lacrymosa • 21:37, 30.12.2023
Bet! 10 numara, 5 ýyldyz!Gaty gowy bolupdyr, Täze ýyl goşgyňdakylary bersin, bizem toýa baralyň!
avatar
0
4 Mekan • 22:14, 30.12.2023
Başky bentlere 5 ýyldyz, soñky bendiñ üstüne galaktika gaçan ýaly etjekdim welin, ýyldyz ýok, birà olardan köke bişiripdir.
avatar

uCoz