MENU

00:41
Bu ýollaň soňunda mekanyň barmy

BU ÝOLLAŇ SOŇUNDA MEKANYŇ BARMY

Ýollar özge ýola sepleşip barýar,
Bu ýollaň soňunda mekanyň barmy?
Nazaryň didämden çetleşip barýar,
Bu ýollaň soňunda mekanyň barmy?

Gözleriň öçüksi, sözleriň pynhan,
Dirilik, şum ajal, bu-da men ynha,
Ugrum nirä, bilmen, iň ýakyn ynsan
Bu ýollaň soňunda mekanyň barmy?

Ýollar egrem-egrem ne jyns bar çelgi,
Ýokluk ýamanlykmy, gowluga belgi?
Oýlanyp kän diýýän enşalla, belki,
Bu ýollaň soňunda mekanyň bardyr.

Kalpdan düşe-düşe barýanmy kalba,
Bagtyň ýeke özem berenok dalda,
Kän uzak bolsa-da az diýip alda,
Bu ýollaň soňunda mekanyň bolsa.

© Ahmet ARAZOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 86 | Добавил: Ahmet | Теги: Ahmet Arazow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
avatar

uCoz