MENU

10:15
Sensizlik

SENSIZLIK

Sensizlik ýalňyzlyk däl-de,
Sensizlik ýalňyşlyk boldy.
Sen gelseň ýaz hem geljekdi...
Gelmediň, gar-gyşlyk boldy.

Özboluşly dünýäm boldy.
(Gelmäňsoň wagty biläni.)
Nämüçin meni tapmadyň,
Meniň ýüregmiň diläni?!...

Ýok, men zeýrenemok, çynym.
Öz ykbalym hoşuma meň.
Islän bolsam başgalara,
bilerdim men goşulybam.

Aldanmagy halamamsoň,
Aldamagam ezýet maňa.
Arassa ruh,tebigylyk
Iň ullakän lezzet maňa.

Tukat görünsem gynanma.
Ol hälki...howaň täsiri.
Hemme görünýän zatlara
Ynanyp ýörşün nähili?!

Sensizlik ýalnyşam bolsa,
Ýalňyz bolmadym sensiz men.
Başda kem ýalydym, soň-soň
Bolup gitdim... bir kemsiz men.

Aýgül GARAÝEWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 177 | Добавил: Lacrymosa | Теги: Aýgül Garaýewa | Рейтинг: 4.7/7
Всего комментариев: 5
avatar
0
1 Aýgül_Baýadowa • 22:45, 23.03.2024
Lacrymosa, suratdaky men-ä däl, özüň bolaýmasaň:))
avatar
0
2 garagar • 23:02, 23.03.2024
Gowy goşgy!
"Tukat görünsem gynanma.
Ol hälki...howaň täsiri"– diýişini dagy...
avatar
0
3 Балканов • 00:36, 24.03.2024
Örän gowy döredilen şygyr! (!!!)
Berekella! Galamyň ýiti bolsun!
avatar
0
4 derwushhana • 02:25, 24.03.2024
Lezzet alyp okadym. Hakyky şahyryň şygry şoñ ýalam bolmaly-da
avatar
0
5 Pegas • 08:00, 24.03.2024
Täze goşgy ýokmuka Aýgülde? Bu goşgy irki. Men bar, şu goşgam bar. :)
avatar

uCoz