MENU

22:49
BUŞLUK, REMEZAN!!!

BUŞLUK, REMEZAN!!!

Ýokarda bir Aý bar,
Ujy gyzyl ýaý bar.
Pygamberiň saçagynda
bize goýlan paý bar.
Biz-ä sizi baý gördük,
Tüýnügiňizde Aý gördük.
Altyn bilen apardyk,
Kümüş bilen gopardyk.
Ýagşy dileg edeniň ogly bolsun :)
Hoş söz aýdanyň gyzy bolsun :)
Garaz, il-günümiz hem-ä birek-birege mähriban bolsun,
hemem örňesin gitsin!
Gulluga giden ogluňyz, agaňyz, iniňiz... sag-aman gelewersin!
Gapyňyzda toý bolsun!
Toýlar mübärek bolsun!
(Aljagyňyz gül bolsun,
Gapjygyňyz doly pul bolsun...
garaz, yzyny gezekli-gezegine dowam edibermeli :))

ÝAREMEZAN!!!
Просмотров: 121 | Добавил: LegLek | Теги: Süleýman Hojanepesow | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 16
avatar
1
1 LegLek • 22:55, 10.03.2024
Nesip bolsa:
Martyň 11-ine Remezan aýynyň ilkinji güni;
Apreliň 9-y Remezan aýynyň 30-y — iň soňky güni.
Apreliň 10-y Baýram güni.
Apreliň 5-inden 6-syna geçilýän gije — Gadyr gijesi.

Bu mübärek aýda etjek ýagşy doga-dilegleriňiz, tutjak orazalaryňyz, berjek sadakalaryňyz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!
avatar
0
2 Medicall • 23:08, 10.03.2024
Amin, ähli dilegleriñiz, tagat-ybadatlaryñyz kabul bolsun!
avatar
0
3 Medicall • 23:10, 10.03.2024
Ýaremezan aýdañyñ üçrip bäş ýyzzyl berendirin:)
avatar
0
4 Aýgül_Baýadowa • 23:13, 10.03.2024
Çagakam gorkýadym ýaremezançylardan, geldikleri ylgap, iň içki otagyň burçunda saňňyldap oturardym. Ýogsa şol çagalaryň arasynda klasdaşlarymam bar, onam bilýän welin. Gygyryp gelişleri ýüregimi bokurdagyma getirýädi. Häzirem çykyp, özüm zat paýlap bilemok.
avatar
0
5 Medicall • 23:19, 10.03.2024
Men-a hezil edinip paýlaýan gelseler, ýõne bir zada düşünemok, şu çagalar şeýdip gelýäler indi:
Tütätin-a, tütätin, tütatine nä gerek, çogum, çogum biz? (buz?) aş bişirdim, düşürdim, on oglany üşürdim, az bereniñ ogly bolsun, köp bereniñ gyzy bolsun:)
avatar
0
6 Medicall • 23:21, 10.03.2024
Öñ beýdip aýdanokdylar, geçen ýyl başlady şü tütätün:))
avatar
0
7 Aýgül_Baýadowa • 23:22, 10.03.2024
Tüýtätin bolmalydyr şol. Rowaýatam bar. Oguljemal gelneje ýörite makala-da ýazypdy "Zenan kalbyna".
avatar
0
8 Aýgül_Baýadowa • 23:24, 10.03.2024
Tüýtätinli ýaremezanlar bar aslynda.
avatar
0
9 Medicall • 23:26, 10.03.2024
Ýalñyş ýazypdyryn, hawa tütätün diýärler.

Onda bir zady bardyr Aýgül, Birinden bir zatlar öwrendi onda çagalar:)
avatar
0
10 Aýgül_Baýadowa • 23:27, 10.03.2024
Dogry aýtsalar gowy-da. Olaram öz çagalaryna dogry öwrederler. Men ýalysyndan başgasy:))
avatar
0
11 Lacrymosa • 23:49, 10.03.2024
Süýt hatyn
avatar
0
12 aygull • 00:27, 11.03.2024
Trezwyý wagtyñam barmy gyz, Lacrymosa?:))
avatar
0
13 aygull • 00:28, 11.03.2024
Ya agzyñy beklejek bolýañmy senem?
avatar
0
14 Medicall • 00:32, 11.03.2024
Ukydaka bizi düýşünde görüp ýazandyr:))
avatar
0
15 aygull • 00:45, 11.03.2024
Il oýaka düzüw ýazýsn bolsa, Lacrymosa ukydaka dogry ýazýa diýýäñmi?:))
avatar
0
16 Medicall • 00:46, 11.03.2024
Hawa, "süýt hatyn" dogrusy şu gerek?!
Çagalar süýt diýip bilmãn tüt diýip aýdyp tütätün bolup galdymyka?
avatar

uCoz