MENU

02:03
Çagalar üçin goşgular
BIŞMEDIK GARPYZ

Daýhandyr meniň kakam,
Ýerden görýär hümmeti
Gowy seretseň ýere,
Bardyr onuň gymmaty.

Ine, bir gezek kakam,
Aldy eline pilin,
Onsoň şo pili bilen
Galdyrdy ýabyň çilin.

Soňra ekip bir-birden,
Tohumlaryň hemmesin.
Öz işine jür kakam
Goýmady oň emmasyn.

Aý yzyna aý geçdi,
Alma – nar hem ýetişdi,
Bereketli güýz gelip,
Hasyl baryny seçdi.

Bişip hasyllaň bary,
Gülläp, miwe getirdi,
Dürli – dümen iýmişler
Mellegmizde hatardy.

“Garpyz welin bişmedi,
Ala – ýaşyldy reňki,
Özi uly bolsa-da,
Bişmän galypdyr ýaňky”

Diýip, çyndan oýlandym,
Atyzlara aýlandym,
“Ýalta” – diýip garpyza,
Öýe tarap ýöneldim.

Soradym men kakamdan:
“Garpyz näme bişmändir,
Bişip galanlaň bary,
Ol bişip ýetişmändir?”

Bu söze gülüp diýdi:
“Biräýýäm bişdi garpyz,
Bolma sen beýle nadyl,
Garpyzyň reňki ýaşyl”

Erik

Ynha, ýene ýaz geldi,
Ördek geldi, gaz geldi,
Gülläp erik agajy
Bahardan owaz geldi.

Sap-sary bişen erik,
Agaçdan düşen erik,
“Tap” edip ýere gaçdy,
Gelip ýanyma düşdi.

Erik aldym elime,
Süýji degdi dilime,
Garap ýene erige,
Pil aldym men elime.

Gülläp şahasyn ýaýsyn,
Get:ir geljek ýyla-da,
Men-ä indi bag ekjek,
Bolsun erik ýene-de.

Mekdep

Her gün irden atlanyp,
Gidýärin mekdep sary,
Diýýär eziz mugallym:
“Okaň, söýüň kitaby”

Gowy görýän mydama,
Mekdebimiň ýollaryn,
Okap, bilip, döredip,
Ikilikçi bolmaryn.

Ödärin men tamaňy,
Has belende galaryn,
Nirä gitsem mekdebim,
Seni ýada salaryn

© Bägül ATAÝEWA
Категория: Çagalar edebiyaty | Просмотров: 296 | Добавил: atayeva | Теги: Bägül Ataýewa | Рейтинг: 3.0/2
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Мango • 12:34, 22.05.2023
Daýhandyr meniň kakam,
Ýerden görýär hümmeti

hümmet - güýç, kuwwat.
(...kakam ýerden güýç-kuwwat görýär, alýar.... ???? ýer nädip hümmet görkezýär? ýerden nädip güýç alynýar?)

Ine, bir gezek kakam,
Aldy eline pilin,
Onsoň şo pili bilen
Galdyrdy ýabyň çilin.

çil - ekin meýdanlarynda peliň gyrasyna çekilýän uzap giden beýiklik, çäk.
ýabyň çili bolarmy? ýapda çil bolarmy?
çil diňe uly meýdany böleklere bölüp çäk çekmek, bölekleriň arasyny beýiklik bilen galdyrmak...
avatar

uCoz