MENU

13:04
Çakylyk
ÇAKYLYK

Aýralyk ajymy, süýji?
Saňa-da ýetdimi güýji?
Kalbyňy dörjeläp ünji,
Dyrmalap, paralap, sünjüp,
Zar bolup, küýsäňde gelgin,
Ölendir öýdüp, ölmeseň, ölüme suwsaňda gelgin!

Iň ejiz närsedir göwün,
Çözmesi aňsat hem kyn düwün.
Döwülse, alyp bir döwgün,
Bir asyra çekip bir gün,
Asyrlar aglanda gelgin,
Kalbyňdan ganly ýaş dömüp, gözlerňi baglanda gelgin!

Öýkäm bolsa, ýazlyşaryn,
Günäm bolsa, ýaraşaryn,
Ölemsoňam garaşaryn,
Ezilip gara, ýagyşa!
Sen ölmi örtäňde gelgin,
Ýakarça ýanyp bilmeseň, tüm bolup tütäňde gelgin!

Ýakyn ýat çykarar ýatdan,
Diňe sudur galar atdan.
Geçilip bar eziz zatdan:
Arzuwdan, maksat, myratdan,
Ynsapdan ätläňde gelgin,
Dünýe bilen meni bölüp, dünýäni otlaňda gelgin!

Heserim bar yşkdan ýakyn,
Şolam boldy ömür gorkym;
Sensiz — ýaman, seň bilen — kyn!
Seň üçinem bolup mümkin,
Pikirleň daganda gelgin,
Diwana deý, aklyň üýtgäp, duýgulaň dalanda gelgin!

Çary Ataýew
Категория: Goşgular | Просмотров: 115 | Добавил: Çary5306 | Теги: Çary Ataýew | Рейтинг: 4.4/5
Всего комментариев: 3
avatar
1
1 Seýrаn • 13:39, 30.01.2024
Bir asyra çekip bir gün,
Asyrlar aglanda gelgin,
Kalbyňdan ganly ýaş dömüp, gözlerňi baglanda gelgin!
- shujagaz yeri gowy eken. Galany boljak.
avatar
0
2 Küle • 16:57, 30.01.2024
Şeýtsene, agam! A to, obam-da-obam... Her kim öz derejesini bilmeli hem şoňa ýetmedik zada güýmenmeli dälmikä diýýän. Şol obadan dünýä derejesine çykyp beýgelymeli obany.
avatar
1
3 Mekan2 • 17:41, 30.01.2024
"Her kim öz derejesini bilmeli"

täsin gürrüňler tapýaň-aý, Umyt eke. goý, Çary aga aşagyrak düşüp, biz ýaly "panylar" üçinem birzatlar goýsun-a.
avatar

uCoz