MENU

10:54
Çakylyk

ÇAKYLYK

«Salam, bütin ýaşaýyşyň şaýady!
Salamatmysyň?
Gudratlynyň beýikdigni bildirýän
Alamatmy sen?
Daňyň buşlukçysy, haýsy reňkdesiň?
Haýsy reňk saňa gözellik çaýýar?
Seslen!
(Men bilmek isleýän bilmesiz zady).
Kämahal asmanda bulutlar taýýar,
Basylýan.
Seniň dogjagyňa ýetse-de gözüm,
Ýitirýän özüm.
Tümlügiň içinde bolmaýyn uzak,
Basymrajyk gel-de, eliňi uzat.
Eý, nurçyrag!
Şöhleleriň çeşmesi».
Uzak gije öz ukymdan ogurlap,
Şeýdip tylla Güne çakylyk ýazdym,
Ertir ýene dogar ýaly lowurdap.

Çeşme: "Nesil" gazeti (02/02/2024)

© Aýjahan ANNABAÝEWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 114 | Добавил: sussupessimist | Теги: Aýjahan Annabaýewa | Рейтинг: 4.8/4
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Мango • 13:27, 03.02.2024
gowja goşgy, gowja çakylyk.
---

Daňyň buşlukçysy, haýsy reňkdesiň?...

"daňyň buşluklçysy" diýip güneşe aýdýamy?
güneş daňyň buşlukçysy bolup bilermi?
belki daň güneşiň buşlukçysy bolaýmasyn?
---

Tümlügiň içinde bolmaýyn uzak,
Basymrajyk gel-de, eliňi uzat.

gowy gördüm. bu güneşe aýdylsa-da aslynda antitümlük islegi...
---

Eý, nurçyrag!

şamçyrag. şam - agşam, çyragam ýagtylyk saçmak.
şamçyrag - tümlügi ýagtyldýançy ýagtylyk çeşmesi.
şamçyrag adam barada hem aýdyp bolar. eger töweregi ýagtyldyp bilse...
NURçyrag - nuram ýagtylyk, çyragam ýagtylyk....
täze bişen sözem bolsa-da öziýä birhili...
– olsun, emma ki owadan eşdilýä...
– olsun diýseň, olsun. ne ýapaýym?

goşga 5 ýyzzyl we awtora üstünlik.
avatar
0
2 Küle • 22:36, 03.02.2024
Ýeneki goşgularyny okasym geldi
avatar

uCoz