MENU

08:54
Çola köňlüň depelerinde
Exclusive


ÇOLA KÖŇLÜŇ DEPELERINDE

Men seniň umytsyz ýüregiňde hem
Her dem ýaşaryn, ylgap.
Gowy setirleri bir ýere jemlärin
Seniň mydam agyryly gözýaşlaryňda.
Ähli şygyrlarymy ýoguňa ýakanymda
Iňleç ses eşidildi barlygyňda
Onuň yzyna düşenimde,
Çola köňlüň depelerine eltdi meni.
Uzaga seretdim üstüne dyrmaşyp.
Ne yş bardy gözýetimde,
Ne galgaýan baýdak kimin suduryň.
Eý, ruhumyň jeňňellerinde azaşan ýarym,
Seni niçik gussaň gaýdylmajak çölünde
Ýeke galdyrdym suwsuz?!
Sergezdan pikir deý ütüm-ütüm,
Ugursyz duýgy deý garym-gatym
Edil şu wagt meniň göreçlerimiň sapasy.
Seniň umytsyz köňlüň depesinden bakanymda
Bir döwük aýna tapýan gysymymda.
Diýýän-ä, azaryňda-da ýaşaryn,
Kim ýaşamaýar
Dür-gülüstan içre, eý, ýar...

© Seýran OTUZOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 139 | Добавил: Medicall | Теги: Seýran Otuzow | Рейтинг: 5.0/7
Всего комментариев: 5
avatar
0
1 Pero • 10:38, 10.01.2024
Yene türk edebiýatynyñ täsiri
avatar
0
2 Мango • 11:03, 10.01.2024
şu otuzda geň sözlemler kän, olam onsuzam geň goşgulary ötegeňleşdirýär...

-ylgap ýaşamak
-agyryly gözýaşlar
-Ähli şygyrlarymy ýoguňa ýakanymda
(näme üçin şygyrlaň "ýoguNA" ýakman "ýoguŇA" ýakýa?)

Ne yş bardy gözýetimde,
Ne galgaýan baýdak kimin suduryň.
(şu ýerde görmeýän zadyny suratlandyrýar... "gözýetimde suduryňy göremok" düşnükli, ýöne nähili suduryňy göremok-GALGAÝAN BAÝDAK ÝALY SUDURYŇY göremok diýýär... görünmeýänni görüberýe...)

Eý, ruhumyň jeňňellerinde azaşan ýarym,
Seni niçik gussaň gaýdylmajak çölünde
Ýeke galdyrdym suwsuz?!

(azaşylan ýer jeňňellikmi ýa çöllükmi? ýa ikisi birdenmi?)

Sergezdan pikir deý ütüm-ütüm,
Ugursyz duýgy deý garym-gatym

(owadanaý. kofe içip özüňe gelen ýaly bolýaň)

Seniň umytsyz köňlüň depesinden bakanymda
Bir döwük aýna tapýan gysymymda.
(gysymyňda aýna tapmagyň türkçeräk eşdildi. bizde, ýa-da öwrenişilen türkmençede "tapmak" üçin ilki ýitirmeli. oň tapdym diýýäni bolsa eýýäm elinde... umuman türküň "buldum" sözüni çöwürip ulanypdyr ýaly... dowrumy diýýänim?)

Kim ýaşamaýar
Dür-gülüstan içre, eý, ýar...
("dür-gülüstan...eý, ýar..."-ly soňy welin hamala klassiki şahyrlaryň ysyny berip gitdi.

seýrana 5 ýyzzyl
avatar
0
3 Мango • 11:06, 10.01.2024
ÇOLA KÖŇLÜŇ DEPELERINDE
nämçüpdir ÇOLA-ny beýnim gözümi allap COLA diýip okatdy... :-)
avatar
0
4 Medicall • 15:48, 10.01.2024
Diýýän-ä, azaryňda-da ýaşaryn,
Kim ýaşamaýar
Dür-gülüstan içre, eý, ýar...



SUPER!
avatar
0
5 Medicall • 15:56, 10.01.2024
beýnim gözümi allap COLA diýip okatdy... :-)

çarliñ täsirimika)))
avatar

uCoz