MENU

03:17
Çözgüt


Öýden çyksam, goýup çykýan ýüregmi.
Agşam gelip, ýene, salýan yzyna.
Ahyrsoňy, öwrenişdim bu dünýä,
Kem-kem boýun boldum kapitalizme —

Kalbymda saz çalsa, bordum erkana.
Bolmasa, bir ömri gaýtalap gezýäň.
35 ýyl meňzär gezerin kakama,
A onsoň neýlärin?

Irden işe giderin, goýup ýüregmi.
Hiňlenere aýdym tapylar başga.
Agşam öýüň höwürtgesi - balkonda
Bir guş gelip äkiderine garaşaryn.

— Syksaň, ýeke damja çykmaz bulutdan.
Silkseň, ýekeje guş uçurmaz agaç.
Ger bir gün ýadasam adatylykdan,
Bialaç,
Öýe gaýdaryn.

iki müň on dokuz ý.

Begençgeldi Orazow
Просмотров: 160 | Добавил: begenc | Теги: Begençgeldi Orazow | Рейтинг: 4.0/4
Всего комментариев: 6
avatar
0
1 Zenan8609 • 14:27, 13.11.2024
Umuman näme diýiljek bolýanyna düşünmesemem soňky bendi has haladym
avatar
0
2 Мango • 11:21, 14.11.2024
birilenji bilen Begençgeldiň gelmesine, ýüregini öýünde goýup gelse-de – gelmesine begendim. Begençgeldi begendirdi. bizi begendireniň özem begensin.

ikilenji bilenem "adatylykdan ýadanyň" goşgusyny haladym.
goşga adaty däl usulda sene goýuşyndanam gahrymanyň adatylykdan ýadany bildirýär.

Ger bir gün ýadasam adatylykdan,
Bialaç,
Öýe gaýdaryn.

şu ýerdäki "ger" – "eger" diýmek gerek?
gow ulanypsyň. "ger"-em, "ki"-nem ulanybermeli.

hap-halan ýerlerim:

Agşam öýüň höwürtgesi - balkonda
Bir guş gelip äkiderine garaşaryn.

balkonda "höwürtgede" guşa garaşmak...  ajap!
o guş nähili "guşka"?

---

— Syksaň, ýeke damja çykmaz bulutdan.
Silkseň, ýekeje guş uçurmaz agaç.

bulutlary sykyp, baglary silkişiňe berekella diýýän.

döredijiligiňi paýlaşyp dur.
özüňi  bizden çetleşdirme.
avatar
0
3 sussupessimist • 11:34, 20.11.2024
Begençgeldiň goşgusy ýaly bolupdyr

Ýazyp dur şeýdip. ikimüňýigrimdörtde-de, ondan soňam ýaz
avatar
0
4 Mekan • 19:38, 20.11.2024
Bir ýerinde ýũregim ýaryldaý. Gözüm äýnek talap edip başlady öýdýän.

("ýüregiñi öýde goýup gaýtmaly ekeniñ, ýarylmaz ýaly" diyip degişjek bolmañ)
avatar
0
5 Garlawac • 01:47, 29.11.2024
Bir buket gül :)
avatar
0
6 Aýgül_Baýadowa • 20:47, 30.11.2024
Menem şu priýomy ulanýan, Begenç jan.
avatar

uCoz